Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýdan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň mähirli salamyny ýetirdiler. Söhbetdeşler parahatçylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine yzygiderli ösdürilýän Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, bu hyzmatdaşlygyň özara başlangyçlara hem-de olary amala aşyrmak boýunça çärelere esaslanmak bilen, halkara derejesinde üstünlikli gatnaşyk etmegiň nusgasy bolup durýandygyny bellediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna salam ýetirmegi aýdyp, Milletler Bileleşigi hem-de onuň iri düzümleri bilen işjeň özara hereket etmegiň şu ýyl Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygyny, şeýle hem MAÖDSM-iň işiniň 10 ýyllygyny belleýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändigini nygtady. Bu sebit merkeziniň döredilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda ähmiýetli waka öwrüldi.

BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençe pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretarynyň täze bellenen Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany Natalýa German bilen tanyşdyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany şeýle jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de Ýer ýüzüniň strategiki sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda soňky döwürde täze hile we mazmuna eýe bolan giň gerimli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu babatda, türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan öňe sürülen halkara başlangyçlaryň, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly düzgünleşdirmek we serhetüsti suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselelerini çözmek hem-de daşky gurşaw babatdaky başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir