Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşýar

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Munuň özi ýurduň raýatlarynyň Siziň ýolbaşçylygyňyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmäge bolan pugta meýillerini tassyk edýär.

Soňky ýyllarda Siziň ýurduňyzda döwlet gurluşynda, durmuş-ykdysady pudakda we halkara giňişliginde gazanylýan üstünlikler Size bolan umumymilli goldawy hem-de ynamy doly derejede üpjün etdi.

Siziň pugta dostluk we birek-birege hormat goýmak däplerine daýanýan ermeni-türkmen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak meselelerine bolan üýtgewsiz garaýşyňyza ýokary baha berýärin. Biz döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge we ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýäris. Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde gatnaşyklaryň mundan beýläk-de täze giň möçberli taslamalar bilen baýlaşjakdygyna, Siziň Ermenistana boljak resmi saparyňyzyň bu ugurdaky gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Serž Sargsýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Türkmenistanyň Prezidentligine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Saýlawlarda gazanylan ynamly ýeňiş türkmen halkynyň Siziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyňyza uly ynam bildirýändigine, ýurdy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de onuň raýatlarynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriňiziň giň goldawa mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Ukrainany we Türkmenistany özara ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Siziň şol gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly üns berýändigiňiz biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine uly ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Sizi şu ýyl resmi sapar bilen Ukrainada mübäreklemäge şat bolaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Pýotr Poroşenko,
Ukrainanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň golaýda geçirilen saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagyňyz hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy ýollamak mende aýratyn kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Saýlawlaryň netijeleri saýlawçylaryň işjeňligini tassyklady hem-de türkmen halkynyň saýlap alan durmuş-ykdysady ugruna ygrarlydygyny görkezýär. Siziň ýokary döwlet wezipesindäki işiňiziň mundan beýläk-de Türkmenistanyň ösmegine we onuň raýatlarynyň rowaçlygyna ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi ýakyn wagtda Moldowa Respublikasyna gelmäge çagyrýaryn. Siziň saparyňyzyň moldowa-türkmen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek üçin bize oňaýly mümkinçilikleri berjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, Siziň jogapkärli işiňizde täze üstünlikler arzuw etmäge rugsat ediň.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Igor Dodon,
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn.

Siziň ynamly ýeňşiňiz türkmen halkynyň Siziň ýolbaşçylygyňyzda döwlet institutlaryny mundan beýläk-de berkitmek, durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmek we raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän syýasatyň türkmen halkynyň uly ynamyna mynasyp bolýandygyny tassyklaýar.

Biziň ýurdumyzda Russiýany we Türkmenistany baglanyşdyrýan däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga goşýan saldamly goşandyňyza ýokary baha berilýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşe eýe bolýandygy wajypdyr. Köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň biziň döwletlerimiziň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Siziň jogapkärli işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Dmitriý Medwedew,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ilki bilen, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Siziň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň bu ýokary wezipä nobatdaky gezek saýlanmagyňyz Size Türkmenistanyň halkynyň uly sarpa goýýandygyny tassyklaýar.

Siziň ajaýyp liderlik häsiýetleriňiziň mundan beýläk-de syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de Siziň döwletiňiziň ykdysady taýdan ösmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Biziň aramyzda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etmegine umyt edýärin.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Siziň Watanyňyzyň abadançylygynyň bähbidine egsilmez güýç-gaýrat hem-de täze üstünlikler arzuw edýärin!

Aleksandr Žilkin,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşiňiz bilen Sizi gutlaýaryn.

Türkmenistanlylar durnukly ösüşiň we ýagty geljegiň bähbidine Size ýene-de öz seslerini berdiler we Size uly ynam bildirdiler hem-de şeýle ajaýyp ýurda baştutanlyk etmek hukugyny berdiler. Siz ýadawsyz zähmet çekip, döwletiň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryny ösdürmek boýunça täze strategiki taslamalary durmuşa geçirýärsiňiz, raýatlaryňyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýarsyňyz we milli bähbitleri goraýarsyňyz.

Siziň bilimiňiziň, tejribäňiziň hem-de parasatlylygyňyzyň Türkmenistany mundan beýläk-de ajaýyp we gülläp ösýän geljege alyp gitmäge ýardam etjekdigine, Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde uzak wagtlap hem-de netijeli işlejekdigiňize ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Gagauz Awtonomiýasyna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigiňiz hem-de bu ýerde, Çeşmikioý obasynda 160 orunlyk döwrebap çagalar bagynyň gurluşygy üçin Size hoşallyk bildirýäris. Bu çagalar bagy körpeler hem-de olaryň ene-atalary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr.

Öz tarapymyzdan biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze durmuş we ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine umyt edýäris.

Çuňňur hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Irina Wlah,
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň baştutany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Saýlawlaryň netijeleri türkmen halkynyň Size bildiren ynamynyň hem-de Siziň syýasatyňyzyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň çärelerini goldamagy biziň guramamyzyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.

Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Ilçi Ramil Hasanow,
Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine üçünji möhlete saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn we Size parahatçylykly demokratiýalaşdyrmak ýolundaky işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Size bildirilen ynam geçen iki Prezidentlik möhletiniň dowamynda döwletiň gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň Siziň howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga we gazanylan üstünligi mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen ugruňyza eýermek islegini görkezýär.

Biz Siziň ýolbaşçylygyňyzda arap-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys.

Siziň häzirki zaman dünýäsinde biziň tutuş adamzat üçin abadançylyga, ýagty, has howpsuz we parahatçylykly geljege hem-de halklaryň arasyndaky özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna bolan umyt-arzuwlarymyzy paýlaşýandygyňyza ynanýaryn.

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Ahmed Abu Al-Geýt,
Arap Döwletleriniň Ligasynyň Baş sekretary

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň.

Ses bermegiň netijeleri Siziň ýurtda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge hem-de halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döredijilikli işiňize raýatlar tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Siziň tutanýerli hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň Siziň halkyňyzyň asylly maksatlaryny hem-de umyt-arzuwlaryny durmuşa geçirjekdigine, ýurduňyzyň dünýä bileleşiginde eýeleýän mynasyp ornuny berkitjekdigine ynanýaryn.

Energetika Hartiýasynyň Siziň ýurduňyzyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge goldaw berjekdigine Sizi ynandyrmaga rugsat ediň. Biziň golaýda Aşgabada bolan saparymyzyň barşynda Siziň bilen ara alyp maslahatlaşyşymyz ýaly, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi energetika ulgamynda ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berer.

Başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan Konsepsiýa özüne uly wezipeleri birleşdirýär. Bize köp işler garaşýar, ýöne men Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň ählisiniň işjeň gatnaşmagynda we türkmen kärdeşlerimiz bilen ysnyşykly gatnaşykda zerur bolan netijäni gazanyp biljekdigimize ynanýaryn.

Türkmenistanyň we Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň arasynda indi 25 ýyldan bäri dowam edip gelýän netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Urban Rusnak,
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir