Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan Welaýatyna Iş Sapary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan Welaýatyna Iş Sapary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan Welaýatyna Iş Sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan Welaýatyna Iş Sapary

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz örän iri hem-de milli ykdysadyýetimiz üçin strategiki ähmiýetli desgalarda gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde halk hojalygyny senagatlaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ony işjeňleşdirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Wise-premýer B.Ereşow häzirki döwürde ýurdumyzyň senagat toplumynyň işini kämilleşdirmek, ulgamyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça iri möçberli wezipeleri kesgitläp, bu babatda ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň örän ähmiýetlidigini aýtdy. Şunda, himiýa senagatynyň önümçilik möçberleri degişli pudaklarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň girdejiliginiň we eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi, bu işler tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň häzirkizaman tehnologiýalaryna esaslanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýurdumyzyň gazhimiýa toplumyny ylmy esasda ösdürmek, ulgamyň gaýtadan işleýän pudagynyň işini kämilleşdirmek, tebigy gazdan dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler hem-de Gyýanly şäherçesinde gurulýan gazhimiýa toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda amala aşyrylýan taslamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi nebit-gaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde, ulgamyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagynda, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Hususan-da, hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek işleriniň önümçilik bilen utgaşykly ösdürilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz önümçilige ösen tejribeleri we täzeçil usullary ornaşdyrmak, ylmyň iň ýokary gazananlaryny işjeň özleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ulag we aragatnaşyk toplumyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýer B.Annameredow häzirki döwürde toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de iri maýa goýumlaryny çekmek we iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Türkmenbaşynyň halkara deňiz menziliniň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşinde, ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pugtalanmagynda ulag we aragatnaşyk ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. Türkmenbaşynyň täze halkara deňiz menzilini gurmagyň ägirt uly taslamasy aýratyn ähmiýete eýedir, munuň özi ony durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynyň hiline bildirilýän talaplary ýokarlandyrýar, bu deňiz menzili Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan iri desgalardaky işleriň barşy hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça şu ýyl amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Welaýatyň toplumlaýyn ösdürilmegi pudaklaryň ýöriteleşdirilmeginiň halk hojalygynyň ähli ulgamlary, ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň ösdürilmegi bilen netijeli sazlaşygy bilen utgaşdyrylmalydyr, diňe şeýle ýagdaýda senagat önümçiliginiň netijeli ösüşini hem-de adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny gazanyp bolar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda amala aşyrylmaly wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

Maslahat tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz özüne garaşyp duran dikuçarda Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherine ugrady, bu ýerde karbamid önümçiligi boýunça zawod bina edilýär.

Zawod “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Mitsubishi Corporation” ýapon we “Gap Inşaat” türk kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Gurluşyk işlerine 2014-nji ýylyň dekabr aýynda girişildi we ony 2018-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Bu iri taslamany amala aşyrmak boýunça Çarçuwaly ylalaşyga hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan saparynyň çäklerinde gol çekildi, bu taslama milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň hatarynda çykyş edýän ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm tapgyr bolar.
Zawod toplumyny gurmak üçin 60 gektar ýer bölünip berildi. Bu çäkde 10 müň tonnalyk suwuk ammiak ammary, karbamid bölümi, her biriniň sygymy 50 müň tonna bolan karbamid saklanylýan iki ammar, suw arassalaýjy desga, 30 MWt kuwwatlykdaky iki sany gaz turbinaly elektrogenerator deňiz suwuny akdyrýan ulgam, taýýar önümi gaplamak we ýüklemek boýunça bölüm we beýlekiler ýerleşer.

Döwlet Baştutanymyz zawod bilen tanyşlygyny ammiak önümçiligi boýunça bölümiň ýanyndan başlaýar, onuň golaýynda bölümiň tehnologiýa işleriniň taslamalary we çyzgylary bolan planşetler goýlupdyr. “Garabogazkarbamid” müdiriýetiniň işgäri enjamlaryň mümkinçilikleri hem-de ýerine ýetirýän işleri baradaky sanlary hem-de maglumatlary getirmek arkaly gürrüň berýär.

Bu önümçilikde başlangyç çig maly hökmünde tebigy gaz peýdalanylar, onuň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Munuň özi azot dökünleriň önümçiligi, hususan-da, karbamid önümçiliginiň täze kuwwatlyklarynyň gurluşygynyň uly geljegini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz zawodda dünýä belli kompaniýalaryň nähili iň täze tehnologiýalarynyň ornaşdyryljakdygy bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz önümçiligiň daşky gurşawa edýän täsirine hem-de bu ulgamda ygtyýarlandyrylan tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna üns berip, zawodyň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynyň we işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ekologiýa meselesini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz önümçiligiň daşky gurşawa edýän täsiri hem-de bu ulgamda ygtyýarlandyrmak tehnologiýalary meselelerine aýratyn üns berdi. Bellenilişi ýaly, karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň taslamasy düzülende ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň ýokary netijeli mineral dökünleri bilen üpjün edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almakda uly ähmiýetiniň bardygyny, munuň ýurdumyza azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de maldarçylygyň we guşçulygyň ot-iým binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Täze kärhananyň işe girizilmegi netijesinde Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kuwwatlyklary köp esse artdyrylar. Bu bolsa öz nobatynda, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga getirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Eýýäm häzirki wagtda öňdebaryjy kompaniýalar täze kärhanalarda öndüriljek karbamid dökünlerini satyn almaga uly gyzyklanma bildirip, olary satyn almak bilen baglanyşykly öz tekliplerini hödürleýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem belarus hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde pudagyň ýene bir iri desgasynyň—Garlykda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny, ýakyn wagtlarda onuň ulanmaga beriljekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz karbamid önümçiliginiň ýerleşýän çägi bolan zawodyň bölümini gözden geçirdi. Hünärmen hormatly Prezidentimizi bu bölümiň işi, bu ýerde ornaşdyrylýan tehnologiýalar bilen içgin tanyşdyrdy.

Zawodyň ammarlaryndan karbamid dökünleri germetik konteýnerlerde deňiz portuna ugradylar, ol ýerden bolsa Hazar deňzi boýunça daşary ýurtlara gämiler arkaly iberiler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň ýerli çig mal serişdelerini doly möçberde peýdalanmak, ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, pudagyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň serişdeler mümkinçilikleri içerki zerurlyklary, şeýle hem eksporta iberilýän möçberleri doly üpjün etmäge ukyply mineral dökünleriniň ähli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Garabogazdaky zawodda öndüriljek karbamid dökünlerini döwrebaplaşdyrylýan Türkmenbaşynyň deňiz portunyň üsti bilen dünýäniň köp ýurtlaryna ýerlemek üçin giň mümkinçilikleriň açyljakdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz hünärmenleriň ýanynda bolmagynda zawod toplumynyň giň çäklerini gözden geçirmek bilen desganyň ähli önümçilik düzümleri hem-de inžener-tehnologiýa bölümçeleri bilen içgin gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz geljekki himiýa önümleri ammarynyň binýadynyň ýanynda saklanyp, ähli ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň hem-de zawodyň ähli bölümleriniň işine bilermen gözegçiliginiň amala aşyrylmagynyň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite gurnalan çadyra bardy we bu ýerde taslamanyň buýrujysynyň hem-de potratçysynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Şeýle hem ol ýerde maketler we çyzgylar ýerleşdirildi, ýaş hünärmen olara salgylanmak bilen zawodyň aýry-aýry tehnologiýa işleri, önümleriň ýüklenilmegi we iberilmegi, deňizden suwuň toplanylmagy we beýleki işler barada gürrüň berdi. Şunda Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan halkara tebigaty goramak baradaky konwensiýalary hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylan maýa goýum taslamasynyň ekologiýa babatdaky taraplary aýratyn üns berilýän mesele boldy.

“Mitsubishi Corporation” we “Mitsubishi Heavy Industries” ýapon kompaniýalary kärhananyň önümçilik bölümlerini iň täze tehnika bilen üpjün edýärler, “Gap Inşaat” kompaniýasy bolsa esasy inženerçilik hyzmatlary bilen bir hatarda gurluşyk işlerini, zerur materiallary getirmek, gurnamak hem-de goýberiş-sazlaýyş işlerini amala aşyrýarlar. Mundan başga-da, türkmen inženerleriniň we tehniki işgärleriniň ýüzlerçesi üçin ýörite okuwlar guraldy, olar tiz wagtda täze desgany dolandyrmaly we oňa hyzmatlary üpjün etmeli bolarlar.

Hünärmen taslamany amala aşyrmagyň esasy tapgyrlary barada gürrüň bermek bilen, döwlet Baştutanymyzy ähli şertnama borçlarynyň hökmany suratda ýerine ýetiriljekdigine hem-de bu möhüm desganyň ýokary hil derejesinde guruljakdygyna ynandyrdy, bu desga özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlaryň ýene bir aýdyň mysaly bolar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bu iri taslamany maliýeleşdirmek meseleleri, tölegleriň öz wagtynda geçirilişi, enjamlary getirmegiň hem-de gurluşyk işleriniň möhletleriniň berjaý edilişi, karbamid dökünlerini geljekde daşary ýurtlara ýerlemek boýunça geçirilýän işler bilen gyzyklandy.

Iri maýa goýum taslamalary, ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alnan önümler, şol sanda nebithimiýa pudagynyň önümleri diňe bir türkmen halkynyň bähbitlerine däl-de, tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmek bilen, dünýäde durnuklylygyň emele gelmegine, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Örän baý çig mal serişdelerine eýe bolmagy Türkmenistanyň iň iri ýod, brom hem-de beýleki himiýa önümleriniň köp görnüşlerini öndürijileriň iň irileriniň hatarynda orun almaga mümkinçilik berýär. Bu babatda örän gymmatly himiýa düzümleriniň täsin çeşmesi bolan Garabogazda bu zawodyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlet hökmünde mynasyp orun almagynyň ýolunda ýene bir uly ädimdir, Garabogaz aýlagynyň “altyn düýbi” sulfat senagaty üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

Eýýäm häzirki wagtda gazhimiýa toplumynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaş inženerleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan hünärmenler, şeýle hem bu ýerde täze önümçiligiň özleşdirilmeginde ýokary derejeli işgärler, häzirkizaman bilimlerini hem-de başarnyklary ele alan işçiler bar. Taslama boýunça olar üçin durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini, şol sanda 3 müň 500 adama niýetlenen ýaşaýyş toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Geljekde bu ýerde ähli durmuş düzümleri, mekdep, çagalar bagy we beýlekiler bolan tutuş şäherjik emele geler.
Bu mesele hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zawodyň gurluşykçylary we hünärmenleri bilen geçiren duşuşygynda hem öz beýanyny tapdy, duşuşyga gatnaşyjylar ýokary döwlet wezipesine dalaşgäre gönüden-göni sowal bermäge mümkinçilik aldylar.

Döwlet Baştutanymyz işçilerden olaryň gündelik iş-aladalary barada sorap, özüniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde olar bilen duşuşmak, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy, onda bellenilen wezipeler we ugurlar bilen tanyşdyrmak üçin ýörite gelendigini habar berdi.

Biz “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty durmuşa geçirýäris, şol sebäpli hem ilatyň ygtybarly durmuş goraglylygyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşini, raýatlarymyzyň abadançylygyny, çagalarymyzyň bagtyýar we ajaýyp geljegini, olaryň Watanymyzyň mynasyp ogullary hem-de gyzlary bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döretmek maksadyny öňde goýýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu belent maksatlara ýetmek hem-de ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak, bäsdeşlige ukyply türkmen önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň täze pudaklaryny döretmek, şol sanda elektron senagatyny kemala getirmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze kärhanalary gurmak, özümizde öndürilýän ýokary hilli harytlaryň sanawyny giňeltmek, olary daşary bazarlarda “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgi bilen ýerlemek boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalaryň amala aşyrylmagy Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer diýdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet toparynyň agzalary bilen gürrüňdeşligiň barşynda şeýle hem olaryň işleri we durmuşy, doly derejeli dynç alyşlary, durmuş hyzmat üpjünçilik ýagdaýlary, şol sanda saglygy goraýyş, söwda, durmuş hyzmatlary ulgamynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz işgärler üçin medeni çäreleriň geçirilýändigi, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler hem-de täze tehnologiýalary özleşdirmek, täze çylşyrymly enjamlary dolandyrmak başarnyklaryny ele almaklary boýunça alnyp barylýan işler barada sorady.

Hormatly Prezidentimiz olaryň bina edýän karbamid zawodynyň gurluşygyna ABŞ-nyň 1 milliard 571 million dollarynyň gönükdirilendigini belläp, bu kärhananyň ähmiýetini nygtady, ol diňe bir Balkan welaýatynyň ykdysady ösüşine däl-de, tutuş ýurdumyzyň abadançylygyna uly goşant goşar.

Mundan başga-da, bu ýerde täze iş orunlarynyň 900-e golaýy dörediler. Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze enjamlarynyň hem-de tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde zawodda her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasy hem-de 640 müň tonna ammiak öndüriler. Olaryň aglaba bölegi eksporta iberiler.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporta iberilýän möçberleriniň artdyrylmagy ýurdumyza gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň mukdarynyň köpeldilmegine mümkinçilik berer, bu serişdeler halkymyzyň abadançylygynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, täze obalaryň, şäherleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna—ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň, her bir raýatynyň bähbidine gönükdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we çykyş etmek ýa-da anyk sowal bermek isleýänlere söz berdi.

Hususan-da, işgärleriň köpüsi bu ýere maşgalalary bilen göçüp gelmäge gyzyklanma bildirdiler hem-de işe ýerleşmegiň, Garabogazda medeni-durmuş ulgamyny ösdürmegiň, onuň ykdysady geljeginiň mümkinçilikleri bilen gyzyklandylar.

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň ilatyň iş üpjünçiliginiň, iri möçberli özgertmeleriň barşynda täze iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagynyň hem-de raýatlaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň özara baglanyşygy döwlet Baştutanymyzyň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň möhüm ugurlarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sowallara jogap bermek bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzda gurlan hem-de häzirki wagtda gurulýan täze zawodlaryň we fabrikleriň, senagat kärhanalarynyň iş bilen üpjünçiligiň we zähmete hak tölemegiň iň amatly usullaryny hödürleýändiklerini, munuň bolsa tehnologiýa ulgamyna zähmet serişdelerini işjeň çekmäge, sebitleriň innowasiýa-ykdysady kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatda, adamlar üçin zerur şertleriň – ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligiň, durnukly iş haklarynyň, ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň, medeniýet edaralarynyň, döwrebap ýollaryň we beýlekileriň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Diňe şondan soňra önümçiligiň düýpli ösdürilmegine, umumy görkezijileriň oňyn ösüşine garaşyp bolar. Hormatly Prezidentimiz ägirt uly çäkleriň abadanlaşdyrylmagynda netijeli, ylmy esasda çözgütleriň nusgasy hökmünde Awazany mysal getirdi.

Garabogazyň mundan beýläk ösdürilmegi babatynda hem birnäçe ugra garap geçmek mümkindir. Bu şäheriň çäkleri has giňeler, ösdüriler. Meselem ony Gyýanly bilen ulag ýollary arkaly baglanyşdyrmaly hem-de olaryň arasynda zawodlary ýa-da şäherçeleri gurmaly. Olar wagtyň geçmegi bilen senagat toplumyny emele getirip biler. Munuň üçin bu ýerde täze kärhanalary döretmek bilen bir hatarda hünär-tehniki bilim merkezlerini açyp, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we täze tehnologiýalary öwrenmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda kesgitlenilen beýleki wezipeler barada gürrüň berdi, onda raýatlaryň durmuş goraglylyk, ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem-de ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek, her bir maşgalanyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Resmi däl we ruhubelent ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanda senagat strategiýasynyň ekologiýa syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda 12-nji fewralda ilkinji gezek ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde üç partiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň aýratyn ähmiýetini ýene bir gezek belläp, zawodyň işgärlerini bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine işjeň gatnaşmaga hem-de öz raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmäge, mynasyp dalaşgär üçin ses bermäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Gurbanguly Berdimuhamedowa goldawyny beýan eden zawodyň hünärmenleri bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden dikuçarda Gyýanly şäherçesine — tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de polietilen hem-de polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurulýan ýerine geldi.

Taslama Ýaponiýanyň “TOVO Engineering” bilen “LG International Сorparation” we “Huyndai Engineering Сorp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Desganyň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna deňdir.

Döwlet Baştutanymyz zawod bilen tanyşlygyny awtomobilde onuň çäklerinden geçmek bilen başlady, desganyň esasy düzümlerini we tehniki toplumlaryny gözden geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen elektrik stansiýasynyň ýanynda saklandy. Hünärmenler hormatly Prezidentimize gurnama işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Kärhananyň tehnologiýa häsiýetnamalary we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar, toplumy 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Emma gurluşyk işleri meýilnamada bellenilen möhletlerden hem öňe geçýär. Häzirki wagtda bu ýerde 12 müň 170-den gowrak işgär zähmet çekýär, olaryň 10 müň 242-si ýerli işgärler, 1929-sy bolsa daşary ýurtly hünärmenlerdir.

Taslama işleri tamamlandy diýen ýaly (99,5 göterim) ýerine ýetirildi. Önümçilik enjamlaryny getirmek işleri 97,3 göterim berjaý edildi. Häzirki wagtda kömekçi tehniki ulgamlardan gurluşyk meýdançasyna ýangyna garşy suwy saklamak, tehniki suwy, agyz suwuny, arassalanan kondensaty, mineraly aýrylan suwy hem-de arassalanylan suwy saklamak üçin iri göwrümli gaplar, bug generatory, şeýle hem kondensirlenmedik ýagy hem-de ýangyç gazyny saklamak üçin gaplar getirildi.

Ammaryň, abatlaýyş-mehaniki bölümiň, azot we kislorod ammarlarynyň jaýlarynyň, baş energiýa ulgamynyň, dolandyryş nokadynyň, baş turba estakadasynyň, operatorlaryň esasy binasynyň, himiýa serişdelerini saklamak üçin ammarlaryň, osmos usuly bilen deňiz suwuny arassalamak boýunça enjamyň, ýokary dykyzlykly polietilen üçin meýdançanyň, ekstruder binasynyň, ýokary dykyzlykly polietilen öndürýän enjam üçin kiçi bekediň meýdançasynyň we polimerleri saklamak üçin ammaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Käbir tehniki enjamlarda gurluşyk – gurnama işleri 63,5 göterim ýerine ýetirilipdir. Şol bir wagtda gazhimiýa toplumynda zähmet çekmeli hünärmenleri okatmak hem alnyp barylýar.

Polietilen we polipropilen önümçiligi iň häzirkizaman tehnologiýasynyň esasynda amala aşyrylar. Täsin usul boýunça ilkinji çig maly bolup biläýjek dürli garyndylardan çuňňur arassalanmagyň amala aşyrylmagy bu tehnologiýanyň tapawutlandyryjy aýratynlygy bolup durýar. Onuň netijesinde iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa önüm öndürilýär.

Digir-digir polipropilen dünýäniň bazarlarynda ýokary bahalanýar. Ol polimer örtük, emeli süýüm, ýokary pugtalykdaky termoplast listleri, şeýle hem her dürli polimer önümlerini – turbalary, şpagaty, ýokary pugtalykly tanaplary, awtomobiller üçin arassalaýjylary, şeýle hem dürli geýimleri we mebelleri, gaplaýjy serişdeleri we azyk önümleri üçin gaplary – bulgurlary we şuňa meňzeşleri taýýarlamakda ulanylýar.

Toplumyň beýleki bir önümi bolan polietileniň hem örän ajaýyp eksport mümkinçilikleri bardyr. Onuň esasynda köpçülikleýin isleg bildirilýän örän köpdürli turbalaryň we harytlaryň öndürilmegini ýola goýmak mümkindir. Ýokary dykyzlykly polietilen örän gaty, pugta termoplast görnüşinde bolup, öý hojalygynda we senagatda ulanylýan guýma we çişirme arkaly gaplary öndürmek üçin giňden ulanylýar.

Tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan we çuňňur işlemegi, onuň gaýtadan işlemek arkaly alnan önümleriniň eksportuny artdyrmagy göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistan diňe bir tebigy gaz we nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleriniň bazarynda öz tutýan ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem özüniň mynasyp ornuny eýelär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň hünärmenleri bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.

Bizde ýokary düzümli etany özünde saklaýan gaz ýataklary bar. Bu bolsa gazhimiýa pudagyny güýçli depginler bilen ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Tebigy gazyň has çuň we toplumlaýyn gaýtadan işlenmegi we onuň gaýtadan işlenmek netijesinde alnan önümleriniň eksport edilişiniň artdyrylmagy Türkmenistana diňe bir ilkinji energiýa serişdeleriň bazarynda öz orunlaryny üzül-kesil pugtalandyrmaga mümkinçilik bermän, himiýa önümleriniň geljegi uly bolan bazarynda hem mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gyýanlyda täze önümçilik düzüminiň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizi çalt depginlerde senagatlaşdyrmak boýunça meseleleri üstünlikli çözmäge wajyp goşant bolmak bilen, nebithimiýasy önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmaga itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň önümçilik toplumynyň indiki baryp gören bölegi operatorlyk bölümi boldy. “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu ýerdäki hünärmenleri bilen salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz olardan işiň şertleri barada, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşyşy barada sorady.

Hünärmen-tehnolog görkezme serişdeleriniň — maketler we plakatlar arkaly zawodyň önümçilik yzygiderliligi, onuň esasy abzallary we enjamlary, olaryň mümkinçilikleri we kuwwatlyklary, etilen işlemek boýunça amallaryň hem-de ony polietilen we propilen almagyň çeşmesi hökmünde ulanmak bilen baglanyşygy barada gürrüň berdi. Olaryň hatarynda etanyň krekingi tehnologiýa enjamy, eksrudet bar. Mälim bolşy ýaly, propileniň dünýä ýüzünde sarp edilmegi ýylsaýyn ösýär. Şeýle depginlerde ýakyn wagtlarda propilene bolan isleg önümçiligiň möçberinden üzül-kesil ýokary bolar. Şonuň üçin hem ony öndürmekde täze tehnologiýalar iňňän wajyp bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda propilen önümçiliginiň polipropilen önümçiligi üçin zerur bolan ýokary derejede arassalygy örän wajyp bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ýokary dykyzlykly polietilen önümçiligi boýunça reaktoryň işi bilen gyzyklandy. Önümçilikdäki awtomatlaşdyrylan işler we tehnologiýalar barada gürrüň beren hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyna garşy howpsuzlyk we tehniki howpsuzlygyň düzgünleriniň, daşky gurşawy goramagyň talaplarynyň, sanitar we gigiýena kadalaryna laýyk gelýän polietilen önümçiligini kämilleşdirmek üçin ýörite goşundylary işläp düzmegi hasaba almak bilen himiki kärhananyň ekologiýa täsirini azaltmagyň meseleleriniň üstünde durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyza şeýle hem dürli reňkli digir-digir önümleriň çüýşe gaplarynda ýerleşdirilen nusgalary görkezildi.

Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurt bolmak bilen, bu baýlyklary birinji nobatda halkyň bähbidine ulanmaga, şeýle hem olary dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen syýasatdan ugur alýarys. Tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäniň ilkinji dörtlüginiň hataryna girýän biziň döwletimiz tebigy gaz bilen ýurduň ilatyny bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde “mawy” ýangyjyň eksport edilişiniň çäklerini giňeltmäge, ony ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga çalyşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Uglewodorod ýataklarynyň möçberi boýunça öňdäki orunlary eýeleýän “Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek işleri hem batly depginlerde alnyp barylýar. Biz ýurduň gaz geçiriji ulgamlaryny birleşdiren hem-de onuň eksport kuwwatyny mundan beýläk hem artdyrmagy şertlendiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisini gurduk we ulanmaga berdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan dünýä ýüzünde uly islegden peýdalanýan önümi öndürmek üçin “mawy ýangyjy” gaýtadan işlemegi ýola goýdy. 2013-nji ýylda gurluşygyna başlanan Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ygtyýarlandyrylan tehnologiýalary esasynda gurulýar, bu ýerde Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň ylmyň soňky gazananlaryna laýyklykda işlenip düzülen häzirkizaman öňdebaryjy tehnologiýa enjamlary gurnalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desganyň möhüm ähmiýetini – onuň daşky gurşaw üçin zyýansyzdygyny belledi. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek üçin şert döredýär. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygyna hem şu nukdaýnazardan seretmek gerek. Ýakyn geljekde biz şeýle gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesiniň gurluşygyna hem badalga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz bu taslamalary amala aşyrýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň olary bellenilen möhletlerde işe girizmegi üpjün etjekdiklerine ynam bildirmek bilen aýtdy.

Biziň ýurdumyz energetika bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrmak bilen, sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. Olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan—Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny aýratyn tapawutlandyrdy. Bu energoköpri boýunça gelejekde türkmen tebigy gazy Owganystanyň, Pakistanyň çäklerinden geçip, Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna ýetiriler hem-de dostlukly halklaryň ýagty geljeginiň bähbidine hyzmat eder.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goşandyna ýokary baha berip hem-de olara taslamany amala aşyrmaga gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň hünärmenlerine hem olaryň ýerine ýetirýän möhüm we ähmiýetli işleri üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Olaryň gurýan zawodynda dünýä bazarlarynda uly isleglere eýe bolan önümler taýýarlanylar, olardan häzirki wagtda dürli görnüşli önümleriň – ownuk zatlardan ägirt uly uçarlara çenli enjamlar öndüriler. Şol sebäpli hem biziň ýurdumyza iň täze tehnologiýalardan baş çykarýan we häzirkizaman bilimleri özleşdiren hünärmenler zerurdyr.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda kärhananyň işgärleri bilen bolan duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmetkeşler toparynyň agzalaryny gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.

Biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyz raýatlaryň bolelin we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Biz çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň – çowluklarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine, olaryň mynasyp raýatlar bolup ýetişmekleri üçin döredijilikli zähmet çekýäris. Bu wezipeleri oňyn çözmek üçin biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek baradaky aýratyn maksady öňde goýduk. Halkara bazarlaryna bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlarymyzy mümkin boldugyça köp möçberde çykarmagy, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňden ýola goýmagy, milli elektron senagatyny döretmegi maksat edinýäris. Ýurdumyzda Gyýanlydaky ýaly iri zawodlaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy.

Bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyza gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň artdyrylmagyna ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu serişdeleriň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, täze obalaryň, şäherleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyna, şeýle hem zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdiriler. Bu serişdeler şeýle hem ýurdumyzyň bazarlarynda we dükanlarynda dürli görnüşli azyk hem-de senagat harytlarynyň bolçulygyna üpjün edilmegi üçin peýdalanylar. Tutuşlygyna, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurtlarda ýerlenilmeginden alnan girdejileriň ählisi halkymyzyň bähbidine, raýatlaryň, çagalaryň abadançylygyna gönükdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşykçylara we inženerlere ýüzlenip, olaryň gatnaşmagynda bina edilýän gazhimiýa toplumynyň ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetini belledi. Bu toplum diňe bir Balkan welaýatynyň ösüşine däl-de, tutuş döwletimiziň abadançylygyna uly goşant goşar. Bu desga ABŞ-nyň 3,5 milliard dollary gönükdirildi. Bu kärhananyň ulanmaga berilmegi bilen onda 1200-e golaý adam zähmet çeker.

Bu ýerde iň täze häzirkizaman enjamlar oturdylar, her ýylda 5 milliard kub metr tebigy gaz gaýtadan işleniler we ýylda 386 müň tonna polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndüriler. Bu önümler ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa bolar. Olaryň dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýandygyny hasaba almak bilen, biz bu önümleri eksporta ibereris, bu bolsa köp möçberde walýuta serişdelerini almaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlardan täze kärhananyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýyny, alnyp barylýan ähli işleriň hil babatynda talaplara laýyk gelmegine nähili gözegçilik edilýändigini, hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny sorady, ol hünärmenler bu gazhimiýa toplumynda zähmet çekerler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zähmet çekmek, dynç almak üçin döredilýän şertlere, aýlyk haklarynyň öz wagtynda tölenýändigi bilen gyzyklandy, ýygnananlaryň arzuw-isleglerini aýtmaklaryny teklip etdi.

Olar Balkan welaýatynyň senagat ösüşiniň täze bir nokady bolan Gyýanly şäherjiginiň ösüşine, häzirki döwürde deňi-taýy bolmadyk taslamalaryň amala aşyrylýan deňiz ýakasyndaky sebitde mundan beýläk hem geçiriljek özgertmelere, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bu ýere işlemäge gelýän ýaş hünärmenleriň geljegine degişlidir. Ol hünärmenleriň ençemesi bu ýerde mekan tutmak isleýärler. Şeýle hem ýakyn wagtlarda ýene-de haýsy ýerde iri senagat toplumlarynyň dörediljekdigi, şäher dörediji taslamalaryň amala aşyryljakdygy barada sowallar hem boldy.

Duşuşygyň ahyrynda hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işde uly üstünlikler arzuw edip, döwlet Baştutanymyz toplumdan çykyp, dikuçarda Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz menziline ugrady.

Bu ýerde hünärmenler hormatly Prezidentimize täze taslamanyň umumy maglumatlary we tehnika aýratynlyklary beýan edildi.

Taslamada parom, ýolagçy we konteýner terminalynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Topluma umumy ýükleýji terminal, ürgün ýükler terminaly, polipropilen terminaly, şeýle hem gämi gurluşyk hem-de gämi abatlaýjy zawodlar girýär. Köpugurly portuň umumy meýdany 1 million 400 müň inedördül metrden gowrak bolar. Şunda portuň binýadyny emele getirmek üçin getirilýän topragyň möçberi 5 million kub metre deň bolar. Deňziň düýbüni çuňlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň netijesinde çykarylýan topragyň möçberi 8,8 million kub metrden gowrak bolar.

Port menziliniň umumy uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolar. Gidrotehniki desgalardan başga-da, bu ýerde köpsanly kenarýaka düzüminiň desgalaryny bina etmek göz öňünde tutulýar, olar şeýle hem ulag üpjünçiligini: estakada aýrytly umumy uzynlygy 3,9 müň metrden gowrak bolan awtoýollary hem-de 30 müň metre golaý uzynlykdaky demir ýollary öz içine alýar.

Taslamany işläp düzmek we amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi, oňa bu ulgamda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýedisi gatnaşdy. Bäsdeşligiň jemleri boýunça “Gap Inşaat” türk kompaniýasy ýeňiji boldy hem-de onuň baş potratçysy hökmünde işleri ýerine ýetirer.

Halkara deňiz porty görnüşindäki logistika merkeziniň döredilmegi döwletimiziň ykdysady ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Taslamanyň bahasy ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryndan gowrakdyr. Gurluşyk işleri 3,5 ýyla niýetlenendir, ony 2017-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Deňiz duralgasynyň diwarlarynyň we düýbüniň kuwwatly enjamlar arkaly berkliginiň synagy geçirilýär hem-de topragy dykyzlandyrmak üçin ýörite sütünler gurnalýar. Deňiz kenarynda gurnamak üçin ýogynlygy 1422 millimetr bolan polat sütünleriň 2 müň 563-si zerurdyr, soňra olar demirbeton bilen berkidilýär.

Häzirki wagtda desgada 5,3 müňden gowrak işgär zähmet çekýär, olaryň 4,9 müňden gowragy türkmen hünärmenleri, 377-si bolsa daşary ýurt hünärmenleridir.

Toplumyň gurluşyk meýdançalarynda eýýäm çäge örtügini döretmek, dik lagym serişdelerini gurnamak, wagtlaýyn ýükleri daşamak, deňiz duralgasyny gurmak üçin raýyşlary berkitmek we beýleki işler doly tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz aýdylan habary diňläp, deňiz portunyň taslamasyny amala aşyrmagyň barşy, ony netijeli ulanmak boýunça geçirilýän guramaçylyk-tehniki çäreler, port hojalygynyň tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de işledilmeginiň aýratynlyklary, onuň dolandyryş ulgamlary barada jikme-jik gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyzyň ähli sowallaryna giňişleýin jogap berildi.

Täze deňiz portunyň tehniki aýratynlyklary barada aýdylanda, ol netijeli nowigasiýa hem-de ýük gatnadylmagy we howpsuzlyk üpjünçiligi, şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin zerur bolan iň häzirki zaman maksatnama-enjamlaýyn toplumlar bilen üpjün ediler. Portuň giňişligindäki gämileriň hereketine, ähli ýerlerde geçirilýän ýüklemek-düşürmek işleri awtomatlaşdyrylan ulgamlar hem-de anyk wagta laýyklykda elektron tehnologiýalary arkaly gözegçilik ediler we dolandyrylar.

Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny saklamak maksady bilen, her bir terminalda bioarassalaýjy enjamlar gurnalar. Taslama “Ýaşyl port” halkara ülňülerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Porty gurmak bilen bir wagtda onuň işgärlerini taýýarlamak we ugurdaş hünärli hünärmenleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda okatmak işleri alnyp barylýar.

Awtomobil-ýolagçy parom terminaly 230 müň inedördül metr meýdanda ýerleşer. Onda bir wagtyň özünde birnäçe gämi labyr taşlap biler. Portda ýylda 300 müň ýolagça hem-de 75 müň treýlere hyzmat etmek mümkinçiligi dörediler. Ýolagçy terminalynyň binasy 400 orunlykdyr, şeýle hem portuň ýanynda myhmanhanalary, söwda we dynç alyş merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçilik ulgamlary döwrüň talabyna laýyklykda guralar, beýleki zerur çäreleri geçirmek üçin şertler dörediler. Bu bölümde işgärleriň sany 200 adama deň bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow portuň çägindäki konteýner terminalyny synlady. Ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU bolan bu bölüm 249 müň inedördül metr çäkde ýerleşdirildi. Bu strategiki ähmiýetli desga Türkmenistanyň sebitiň eksport-import logistika ulgamyna uly goşandy bolar. Multimodal logistika toplumy konteýner ýüklerini saklamak we toplumlaýyn işläp taýýarlamak boýunça hyzmatlary amala aşyrar, ol ýükler uçarlar, awtomobil we demir ýol ulag serişdeleri arkaly bu ýere getiriler, olary suw ulagyna ýüklemek we düşürmek işleri ýerine ýetiriler.

Konteýner terminalynyň duralgasynyň uzynlygy 510 metre deňdir, bu bolsa jemi ýük göterijiligi 5 müň tonna deň bolan birnäçe gäminiň ýüküni birbada ýüklemek –düşürmek işlerini alyp barmaga mümkinçilik berer.

Port ýükleri işläp taýýarlamak üçin iň täze enjamlar hem-de göteriji ýörite ulag tehnikasy bilen üpjün ediler. Mysal üçin, konteýner terminalynda “gämi-kenar” (STS) görnüşli port ýükleýji-düşüriji enjamlar işlediler, olaryň kuwwaty sagatda 25 TEU bolar. Munuň özi her bir enjamyň 12 sagadyň dowamynda 300 konteýnerli gäminiň ýüküni düşürmäge ukyplydygyny aňladýar.

Terminalda baş paýlaýjy merkez (CFS-Container Freight Station) gurulýar, ol ýükleri görnüşler boýunça toparlara bölýär we goýberiş kuwwaty bir günde 50 TEU bolar.

Şeýle hem bar bolan ähli maglumatlary operatorlaryň monitorlarynda görkezýän hemra gözegçilik ulgamy bilen üpjün ediljek konteýner terminallarynyň hil ölçegleriniň ülňülerine laýyklykda, taslamasynyň düzülendigini bellemek gerek. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda tutuş dünýäde konteýnerleriň dolanyşygynyň ýokary depginlerde ösýändigi äşgär duýulýar, munuň özi bolsa konteýner terminallarynyň sanynyň artmagyna getirýär. Konteýner terminallarynyň hil ölçegleriniň ülňüleriniň ornaşdyrylmagy hyzmatyň bu görnüşiniň hiline gözegçilik etmegiň bitewi ulgamyny döretmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow terminalyň çäginde portuň desgalarynda işleýän hünärmenler we işçiler bilen gürrüňdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz olar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzyň täze deňiz “derwezesiniň” milli ykdysadyýetimiz üçin hem, tutuş sebit üçin hem ähmiýeti baradaky meseläni gozgady.

Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak baradaky taslama ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagynyň 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etjekdigini belledi. Täze portuň her ýyldaky geçirijilik ukyby 17-18 million tonna deňdir.

Onuň netijeli peýdalanylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has hem ýokary götermäge mümkinçilik berer diýip Türkmenistanyň Prezidenti nygtady hem-de halkara deňiz portunyň gurluşygynyň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilip, bellenilen möhletlerde tamamlanjakdygyna pugta ynam bildirdi.

Geljekde biz halkyň bähbidi üçin şeýle iri taslamalary amala aşyrmagy dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Demir ýollaryň we awtomobil ýollarynyň, iri köprüleriň, gazgeçirijileriň gurluşygy giň göwrümde amala aşyrylar.

Deňiz portunda bolan mahalynda döwlet Baştutanymyz şeýle hem port hojalygyna taslamany amala aşyrmagyň dowamynda gelip gowşan täze tehnikalaryň nusgalyklary bilen hem tanyş boldy. Olar ýük göterijiligi 84 tonna deň bolan iki sany göteriji krandan hem-de Awstriýada öndürilen 6 sany kuwwatly konteýner ýükleýjilerinden ybaratdyr.

Ozal belläp geçişimiz ýaly, täze deňiz porty nawigasiýanyň hem-de ýük gatnawynyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin zerur bolan iň döwrebap programmaly enjamlar toplumy bilen enjamlaşdyrylýar. Portuň çäklerinde gämileriň hereketini, onuň ähli bölümlerinde ýükleýiş we ýük düşürmek işlerine gözegçilik awtomatlaşdyrylan ulgamyň we elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen hakyky wagt boýunça amala aşyrylar.

Döwlet Baştutanymyz strategiki ähmiýetli desganyň kenarýaka düzümlerini gözden geçirmegiň barşynda bu ýerde işleýän ýaş hünärmenler bilen gürrüňdeş boldy. Soňra bu ýerde gurnalan çadyra bardy, onda häzirki wagtda bar bolan hem-de geljekki desgalaryň, demir we awtomobil ýollarynyň barýan ugurlary, dürli görnüşli önümleri saklamak üçin ammarlar we beýlekiler jikme-jik görkezilen ägirt uly maket goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz köpugurly port hojalygy barada doly düşünje berýän makedi synlap, olaryň ählisini durmuşa geçirmegiň ýeterlik däldigini, işleriň hiliniň halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini we ýörite şahadatnamalar bilen tassyklanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara deňiz portunyň makedi bilen içgin tanşyp, bu desganyň geljekde ösüşiniň mümkinçiliklerini hasaba almagyň zerurlygyna ünsi çekdi. Portuň terminallarynyň ýöriteleşen ugurlarynyň giňelmegini iş mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyny nazara almak zerur bolup durýar. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu pudak boýunça iň täze ylmy işläp taýýarlamalardan, iň täze tehnikadan peýdalanmak zerur, ýagny geljegi nazarlap işlemek gerek bolup durýar.

Bu iri ulag-logistik toplumyň köpugurlylygyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz onuň ähli çylşyrymly düzümleriniň biri-biri bilen birleşdirilmelidigini belledi. Häzirki zaman logistik merkezler indi diňe bir ammarlar we ýük gatnawlarynyň çatrygy bolmak bilen çäklenmän, olar işewürlik, söwda we maliýe işleriniň merkezleri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi hem-de gurluşykda diňe bir portuň işgärleri üçin ähli iş şertlerini döretmek bilen çäklenmän, dürli logistik, söwda kompaniýalarynyň wekilleri, banklaryň şahamçalary we beýlekiler üçin hem ähli şertleriň göz öňünde tutulmagyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslama diňe bir ykdysady hem-de telekeçilik taýdan esaslandyrmalar bilen çäklenmeýär. Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz porty şeýle hem geosyýasy ýagdaýa düýpli täsir eder, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölekleriniň biri bolup, sebitde we onuň çäginden daşarda umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ol Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň düýpli ýagdaýy bolup, yklymda syýasy gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda durnuklylygyň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Bu taslamany amala aşyrmagyň möhüm geosyýasy ugry ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy, döwletleriň we iri sebitleriň örän köpsanlysyny bu çäklere goşmak bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem çuňlaşmagyna, özara düşünişmäge we ýurtlaryň hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berer.

Täze port Türkmenistanyň ykdysady taýdan öňe gitmegine, senagat we ulag infrastrukturasynyň ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine kuwwatly goşmaça itergi berer, şeýle hem iri maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen, biziň ýurdumyza beýleki döwletlerden dynç almaga gelýänleriň sanyny artdyrmak boýunça hem uly mümkinçilikler açylýar.

Porty synlamagy tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň, onuň ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň bähbitlerine gönükdirilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň, işjeň daşary syýasatynyň aýdyň güwänamasy boljakdygyna pugta ynam bildirdi. Duşuşyga gatnaşanlar bilen hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir