Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ungarony kabul etdi, ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň Prezidentiniň hem-de Premýer-ministriniň türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny we mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Italiýanyň döredijilikli parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ýöredýän hem-de oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Milli Liderimiz Italiýa Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny aýdyp, jenap Diýego Ungarony jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de işde üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Bitarap Türkmenistanyň Italiýa bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň ösdürilýän gatnaşyklaryň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde giňeltmegi ugur edinýändigini nygtady.

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygy aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we Italiýanyň doly ygtyýarly wekili giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi, munuň özi iki tarapyň hem uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistan we Italiýa Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler.

Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, okgunly häsiýete eýe bolan özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak,göni işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Geljegi uly türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, amala aşyrylýan iri möçberli düzümleýin taslamalar we innowasiýalar esasynda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalary bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine şert döredýär.

Milli Liderimiz söhbetdeşligiň dowamynda ynsanperwer ulgamynda, hususan-da, ylym ulgamynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesi barada aýdyp, türkmen hem-de italýan alymlarynyň, arheologlarynyň arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini, Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak boýunça bilelikdäki köp ýyllyk işlerini belledi. Ikitaraplaýyn bilim gatnaşyklaryny giňeltmek üçin hem oňat şertler bar, muňa aýdyň mysal hökmünde ýurdumyzda italýan diliniň okadylýandygyny aýtmak bolar.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen-italýan gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçiň Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallygyny beýan edip, öz tarapyndan iki döwletiň we halklaryň arasynda däp bolan dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir