Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, nebitiň, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hem-de nebithimiýa,

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, nebitiň, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hem-de nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa önümleriniň ýerlenişine gözegçilik etmek, şeýle hem ýerlenen önüm üçin hasaplaşyklaryň ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibi;

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça Gözegçilik geňeşiniň düzümi tassyklanyldy.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Yslam Annanurowiç Artykow Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň mudiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy noýabrynda çykaran 14471-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň – Karz alyjynyň adyndan “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin, Yslam ösüş banky bilen degişli Ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, 2016-njy ýylyň 3-8-nji sentýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň düzüminde üstünlikli çykyş edip we baýrakly orunlary eýeläp, ata Watanymyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermäge goşan mynasyp goşantlaryny nazara alyp hem-de türgenlerimizi höweslendirmek arkaly ýaş neslimizi sporta giňden çekmek we olary ýeňişlere ruhlandyrmak, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, şeýle hem atçylyk sportuny ösdürmek, atçylyk sporty ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna 30 000 amerikan dollaryny gowşurmak tabşyryldy.


Şeýle hem Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda baýrakly orunlara eye bolan şu türgenlere aşakda görkezilen ýeňil awtoulag serişdeleri, ýagny:


Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Orazalyýew RejepalyAmandurdyýewiçe – sportuň Türkmen milli göreşi görnüşi boýunça 80 kilogramdan ýokary bolan agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala, şeýle hem guşakly alyş göreş görnüşiniň nusgawy usuly boýunça 100 kilogramdan ýokary bolan agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Surkiýewa Nasiba Ýegembergenowna- sportuň guşakly alyş göreş görnüşi boýunça 75 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala, şeýle hem guşakly alyş göreş görnüşiniň nusgawy usuly boýunça 75 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jumaýew Gylyç Joraýewiçe- sportuň guşakly alyş göreş görnüşiniň erkin usuly boýunça 90 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala, şeýle hem guşakly alyş göreş görnüşiniň nusgawy usuly boýunça 90 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy Haýytbaýewa Gülnar Alymbaýewna- sportuň guşakly alyş göreş görnüşi boýunça 65 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala, şeýle hem guşakly alyş göreş görnüşiniň nusgawy usuly boýunça 65 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Jumanazarow Şatlyk Gowşutmyradowiçe- sportuň guşakly alyş göreş görnüşiniň erkin usuly boýunça 60 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy Madraimowa Zuhra Ýuldaşowna – sportuň guşakly alyş göreş görnüşi boýunça 60 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala, şeýle hem guşakly alyş göreş görnüşiniň nusgawy usuly boýunça 60 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Turkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Allakow Hangeldi Bazargeldiýewiçe – sportuň guşakly alyş göreş görnüşiniň erkin usuly boýunça 70 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubynyň esgeri Hallygurbanow Medet Wezirgurbanowiçe- sportuň guşakly alyş göreş görnüşi boýunça 70 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala, şeýle hem gyrgyz göreşi görnüşi boýunça 66 kilogramda çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Uzakowa Rano Hydyrowna- sportuň guşakly alyş göreş görnüşi boýunça 70 kilogramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala, şeýle hem guşakly alyş göreş görnüşiniň nusgawy usuly boýunça 70 kilogramda çykyş edip, 2-nji orna we kümüş medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Atamämmedow Jepbar Akmämmedowiçe- sportuň guşakly alyş göreş görnüşiniň erkin usuly boýunça 100 kilogramdan ýokary bolan agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Badaglyýewa Laçyn Çaryýarowna- sportuň guşakly alyş göreş görnüşiniň nusgawy usuly boýunça 55 kilogramda çykyş edip, 2-nji orna we kümüş medala mynasyp bolandygy üçin, «Toyota Yaris» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Egemberdyýewa Maksuda Egemberdyýewna- sportuň guşakly alyş göreş görnüşiniň nusgawy usuly boýunça 75 kilogramdan ýokary bolan agramda çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy üçin, «Kia Serato» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Ýagmurow Guwanç Owezgulyýewiçe- sportuň gyrgyz göreşi görnüşi boýunça 84 kilogramda çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy üçin, «Kia Serato» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarçysy Gurbanýazow Batyr Ýusupowiçe – sportuň gazak göreşi görnüşi boýunça 60 kilogramda çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy üçin, «Kia Serato» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Turkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Momunow Ylýas Saparmyradowiçe- sportuň gazak göreşi görnüşi boýunça 70 kilogramda çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy üçin, «Kia Serato» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi;


Türkmenistanyň Serhet institutynyň işgäri Jorakulyýew Serdar Toýmyradowiçe- sportuň gazak göreşi görnüşi boýunça 90 kilogramda çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy üçin, «Kia Serato» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi  sowgat berildi. 


***


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň energetika ministri Rejepow Döwranmämmet Pirmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi  hem-de ýol berlen kemçilikleri gusga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.  

*** 

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda çykaran 7079 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.


Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda, dabaraly ýagdaýda geçirmek, söwesjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. 

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan - ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan – ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir