Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Oba Hojalyk Önümlerini Öndürijiler Hakynda)
Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Oba Hojalyk Önümlerini Öndürijiler Hakynda)

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýyllyk 1 göterim we 5 göterim bilen ýeňillikli karzlar berler.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplara-dahyllylara:

oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde;

maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi.

Meňzeş Täzelikler

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir