Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we oba hojalygy boýunça täze wise-premýerler bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýagşygeldi Kakaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky çözgüdi hökümetiň şu ýylyň birinji çärýegine bagyşlanylyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kabul etdi. Ý. Kakaýewiň tejribesini “Galkynyş” käninden beýleki ugurlar boýunça gaz geçirijileriniň täze taslamalaryny işläp taýýarlamak ugrundaky işlerde peýdalanmak kararyna gelnendigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz häzire çenli Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy bolup işlän Maksat Babaýewi wise-premýer wezipesine belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Rejep Bazarowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Esenmyrat Orazgeldiýewi belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Taňryguly Atahallyýew bellendi.

 

Türkmenistanda himiýa senagaty işgärleriniň güni döredildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Himiýa senagaty işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň işe girizilen güni bolan 31-nji mart hünär baýramçylygynyň güni hökmünde saýlanyp alyndy.

Merkezi Aziýa sebitinde Kaliý dökünlerini öndürmek boýunça iň iri kombinat bolan ägirt uly senagat desgasynyň açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gatnaşdylar.

Kuwwaty ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürmäge ukyply kärhana “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Belarus Respublikasynyň “Belgorhimprom” açyp görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan türkmen hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda guruldy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir