Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Döwlet Sylagy Bilen Sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Döwlet Sylagy Bilen Sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Döwlet Sylagy Bilen Sylaglanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Döwlet Sylagy Bilen Sylaglanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň telefon arkaly gürrüňdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, işjeň we deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Özüniň türkmen kärdeşini 60 ýaşynyň dolmagy bilen mähirli gutlap we milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw edip, Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini iki döwletiň arasyndaky möhüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin, Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekendigini habar berdi.

Mähirli gutlaglar we bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hormatly sylagy Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji döredijilikli syýasatyna berlen ýokary baha, şeýle hem türkmen-rus netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändiginiň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmek we ynanyşmak derejesi mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin pugta esas bolup, hyzmat eder diýip, ynam bildirdi. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda taryhy gatnaşyklary bilen baglanyşýan iki halkyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edilýän tagallalary utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyp, iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny tassykladylar.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz russiýaly kärdeşini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy we Russiýanyň Baştutanynyň bu saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň dostluk we möhüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar hem-de birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir