Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Çaryýar Durdymyradowiç Ahmedowyň üstüne ýüklenildi.

 

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň maliýe ministri Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gylyçmämmet Orazow Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri çaltlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösmegi üçin şertleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy;

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Maliýe ministrligine, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň gurluş düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyny Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň garamagyna bermek hem-de ony Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Salgyt müdiriýeti diýip atlandyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Maliýe ministrligine:

Ministrligiň Salgyt müdiriýeti hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek;

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bank ulgamyny özgertmek, Türkmenistany mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin kesgitlenen strategik ugurlary durmuşa geçirmekde netijeli bank ulgamynyň bolmagyny hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli ýuridik şahslary we hususy telekeçileri ýokary hilli, döwrebap bank hyzmatlarynyň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek, goýumçylaryň we karz berijileriň bähbitlerini goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň “Prezidentbank” döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna birleşdirildi.

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky bu banka birleşen Türkmenistanyň “Prezidentbank” döwlet täjirçilik bankynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 3-nji fewralynda çykaran kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 10-njy iýunynda çykaran kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrligine Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky tarapyndan berlen karzlar boýunça Bankyň hukuklaryny we borçlaryny Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna geçirmegi bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

***

Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen daşary ýurt pulundaky girdejileri köpeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy pul bilen hasaplaşmak arkaly daşary ýurt kompaniýalaryndan alýan çig nebitini ikilenç gaýtadan işläp ýerlemekden gelip gowuşjak daşary ýurt pulundaky serişdeleriniň çig nebitiň bahasyna deň bölegi Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimlerden we Türkmenistanyň Merkezi bankyna hökmany satmakdan boşadyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine garamagyndaky kärhanalaryň önüm görnüşindäki meýilnamalaryny hakyky bar bolan içerki sargyda laýyklykda galdyryp, galan ýagdaýlarda pul görnüşindäki meýilnamalary bellemek tabşyryldy.

2017-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Türkmenistanda ýerleşýän köpçülikleýin we hususy ýerleşdiriş serişdelerinde ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryndan we raýatlygy bolmadyk adamlardan her bir ýaşan gije-gündizi üçin 2 amerikan dollary möçberinde syýahatçylyk ýygymyny almak girizildi we bu ýygymy Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hasabyna geçirmek bellenildi.

Degişli ministrlikler we pudak edaralary Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2017—2018-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine 142 819 sany öwrediji kompýuterleri satyn almak, Türkmenistana getirmek, bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kämil bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tele we radio ýaýlymlaryny 2018-nji ýyldan başlap tapgyrlaýyn böleklere bölmek bilen, 4 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirmegi bes etmek bellenildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, kesgitlenen teleradioýaýlymlara marketing gurallary boýunça mahabat hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge we hojalyk hasaplaşygyndan alýan girdejileriniň hasabyna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmäge ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzy, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 22—27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi we bu hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Ahal welaýatynyň häkimligine

Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işini we dolandyrylyşyny has-da kämilleşdirmek hem-de pudagyň işiniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, “Türkmengaz” döwlet konsernine konserniň garamagyndaky “Türkmenturba” zawodynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmenturba” açyk görnüşli paýlarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar üçin sowgatlyk harytlary degişli ministrliklerden we pudak edaralaryndan bellenen möçberlerde kabul edip almak hem-de sowgatlary taýýarlamak tabşyryldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi, Demir ýol ulaglary ministrligi we “Türkmenhowaýollary” gullugy Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna getirmegi we yzyna äkitmegi üpjün etmäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda:

2017—2018-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlara (okuwyň möhleti iki ýyl) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2017—2018-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2017—2018-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň kommersiýa arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2017—2018-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2017—2018-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet topary 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmäge we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramaga borçly edildi.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy;

2017-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:

okuwa kabul etmegi 2017-nji ýylyň 10-njy iýuly –23-nji awgusty aralygynda guramak; okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, welaýatyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Atahallyýew Taňryguly Rejepgulyýewiçe soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, welaýatyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň häkimi Satlykow Satlyk Baýjanowiçe soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, welaýatyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Baýramgulyýew Mämmet Guldurdyýewiçe soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, welaýatyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň häkimi Çarlyýew Çarygeldä soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, welaýatyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Mary welaýatynyň häkimi Annagurbanow Bäşim Durdyýewiçe soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Hajyýew Meýlisgeldi Çarygeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Jepbarow Rahimberdi Jepbarowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Gylyçdurdyýew Ahmet Öwezowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Allagulyýew Polat Hemraýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Arabow Myrat Sapardurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Müşşikow Gadyrgeldi Müşşikowiçe berk käýinç yglan edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklamak barada buýruga gol çekdi.

Döwlet topary 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmäge we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramaga borçly edildi. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine iş toparlaryna talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmek tabşyryldy.

 

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamasy tassyklamak barada buýruga gol çekdi.

Okuwa kabul etmegi 2017-nji ýylyň 10-njy iýuly –23-nji awgusty aralygynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.

 

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir