Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Raýatlarynyň Türkmenistana Gelmeginiň we Ondan Gitmeginiň Tertibi
Türkmenistanyň Raýatlarynyň Türkmenistana Gelmeginiň we Ondan Gitmeginiň Tertibi
Türkmenistanyň Raýatlarynyň Türkmenistana Gelmeginiň we Ondan Gitmeginiň Tertibi

Türkmenistanyň Raýatlarynyň Türkmenistana Gelmeginiň we Ondan Gitmeginiň Tertibi

Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukugy bardyr.

Eger Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly başga tertip bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň raýatlary barylýan ýurduň wizasy ýa-da degişli rugsatnamasy bar mahaly Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açyk bolan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň üstünden Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistandan gidýärler.

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda okamagy we zähmet işini amala aşyrmagy.

1. Harby gullukda durmaýan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň çäklerinden daşarda okap we zähmet işini amala aşyryp bilerler.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde bilim almagy üçin olarda okuw mekdebiniň degişli tassyknamasy ýa-da çakylyknamasy raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça bilim edarasynda hasaba alnandygy barada güwänamasy bolmalydyr.

3. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde zähmet işini amala aşyrmagy üçin olarda:

i. kärhananyň takyk salgysyny görkezmek bilen, iş berijiden çakylyknamanyň;

i. barylýan ýurduň ygtyýarly edaralaryndan zähmet işini amala aşyrmak üçin degişli resminamasynyň bolmagy zerurdyr.

Ýokarda görkezilen şertler ýerine ýetirilmedik halatynda, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, olaryň okamak üçin ýa-da zähmet işini amala aşyrmak üçin daşary ýurt döwletine gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilip bilner.

Türkmenistanyň harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlarynyň we harby gullukçylarynyň Türkmenistandan gitmegi.

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişli we ondan boşadylmadyk hem-de harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşirilmedik Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistandan gitmänkäler çagyryş boýunça harby gullugy geçmäge borçludyrlar, hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşary gidýän raýatlar muňa degişli däldir.

2. Daşary ýurt döwletlerine wagtlaýyn gidýän, daşary ýurtlarda wagtlaýyn bolýan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluga çagyrylmaga degişli Türkmenistanyň raýatlary çagyryş hakyndaky habary alanlarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletde çagyryş boýunça harby gullugy geçmek üçin Türkmenistana gelmäge borçludyrlar.

3. Borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar hususy işleri boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistandan gidýärler.

Türkmenistanyň raýatlarynyň gulluk, hususy işler hem-de syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistandan gitmegi.

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň gulluk, hususy işler, şeýle hem syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistandan gitmäge hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurtdan gulluk, hususy işler, şeýle hem syýahatçylyk ugry boýunça gitmegi Türkmenistanyň “Migrasiýa hakynda” kanunyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gitmeginiň tertibi.

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gitmäge hukugy bardyr. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň barylýan ýurduň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýän degişli wizasy ýa-da rugsatnamasy bolmalydyr.

2. Hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan gitmek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalaryna garamagyň we namalary resmileşdirmegiň umumy möhleti üç aýdan geçmeli däldir.

3. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýatlary özlerine we maşgala agzalaryna degişli emlägi, kanuny esaslarda edinen daşary ýurt puluny alyp gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde özleriniň eýeçilik hukuklaryndaky emläge, pul serişdelerine, gymmatly kagyzlaryna we banklarda saklanylýan özge gymmatlyklaryna eýelik etmäge haklydyrlar. Olaryň raýat, durmuş, zähmet, ýaşaýyş jaý we beýleki hukuklarynyň islendik çäklendirilmegine ýol berilmeýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet üçin medeni, taryhy ýa-da beýleki gymmatlygy bolan zatlary Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegi Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly düzgünleşdirilýär.

4. Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamak üçin onuň çäklerinden gitmezinden öň fiziki we ýuridik şahslaryň öňündäki Türkmenistanyň hukuk meselelerini çözmek çygryna degişli bolan emläk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistandan gitmäge rugsat almak üçin Türkmenistanda galýan ata-enelerinden, şeýle hem Türkmenistanda galýan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan ýagdaýynda olaryň Türkmenistandaky kanuny wekilinden aliment töleglerini töledip almak boýunça talaplaryň ýokdugy hakyndaky kepillendiriş tertibinde güwä geçilen arzany berýärler. Şol arzanyň haýsydyr bir sebäbe görä alnyp bilinmedik halatynda, Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýaty kazyýete ýüz tutmaga haklydyr, şunda kazyýet aliment borçnamalarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklaýar. Aliment borçnamalary bolan halatynda kazyýetiň çözgüdi boýunça şol borçnamalar birwagtda üzülişilip bilner ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda aliment borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi bellenilip bilner.

5. Daşary ýurt döwletine barmagyň tertibi barylýan döwletiň degişli kanunçylygy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly düzgünleşdirilýär.

6. Türkmenistandan gitmek hakynda arza bilen ýüz tutan Türkmenistanyň raýatlary we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan giden Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamaga ýa-da belli bir wagtlyk Türkmenistana yzyna gaýdyp gelenlerinde, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kepillendirilýän ähli hukuklardan peýdalanýarlar we kanunda göz öňünde tutulan borçlary çekýärler.

Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlarynyň Türkmenistanyň çäginden gitmegi.

Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilerler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.
Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.
Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty (çaga) sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine, medeni-köpçülikleýin, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak, şeýle hem saglygyny bejertmek we okuw maksatlary bilen we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň biriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanylan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.
Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.
Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner. Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.
Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň Türkmenistandan gitmeginiň meseleleri boýunça ata-eneleriň arasyndaky düşünişmezlikler kazyýet tertibinde çözülýär.
14 ýaşdan 18 ýaşa çenli Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlarynyň Türkmenistandan hemişelik ýaşajak ýerine gitmegi diňe olaryň ýazmaça görnüşde beýan edilen we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bar mahaly amala aşyrylyp bilner.
Türkmenistanyň kämillik ukyby bolmadyk raýatlarynyň Türkmenistandan gitmegi
Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistandan gitmäge olaryň kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy esasynda ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda rugsat berlip bilner.

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resminamalar.

1. Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar şular bolup durýar:

i. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty;

i. Türkmenistanyň raýatynyň diplomatik pasporty;

i. Türkmenistanyň raýatynyň gulluk pasporty.

Bu resminamalar Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar we olar kanunalaýyk resmileşdirilen halatyndaTürkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hakykydyr.

2. Türkmenistanyň raýaty ýokarda agzalan ýol resminamalary ýitiren halatynda, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin berýän şahsyýeti tassyklaýan resminamasy Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän resminama bolup durýar.

3. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin şu maddanyň birinji böleginde görkezilen resminamalaryň ýerine beýleki resminamalar peýdalanylyp bilner.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir