Baş Sahypa / DURMUŞ / Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Medeniýet Günleri Tamamlandy
Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy.

Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Medeniýet Günleri Tamamlandy

 Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. Olar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmekde iki döwletiň gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Dürli çärelerden ybarat bolan Medeniýet günleriniň maksatnamasy  Saud Arabystanynyň ýaşaýjylaryna türkmen halkynyň baý medeni, özboluşly däpleri we dessurlary, ýurdumyzyň häzirkizaman sungatynyň ösüşiniň ugurlary, döwrebap sungat eserleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. 

Düýn Er-Riýatda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň bu dostlukly ýurduň Habarlar we medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki halkyň örän baý taryhy-medeni mirasyny hem-de  medeniýet we sungat ulgamynda häzirkizaman gazananlaryny öwrenmek işinde hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem muzeý we teatr ulgamynda tejribe alyşmak, syýahatçylyk we beýleki möhüm ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Er-Riýadyň köpsanly ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň Patyşa Fahd adyndaky medeniýet merkezinde guralan ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň hem-de neşir önümleriniň sergisine uly gyzyklanma bildirmekleri hyzmatdaşlygyň möhümdigine we geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär. 

Sergide dürli gymmatlyklar görkezildi, olar türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşandygyna, şöhratly taryhy, çeper edebiýaty, sungatyň ýokary derejesi, ylmyň we bilimiň ösüşi, baý mirasy bilen uly meşhurlyga eýe bolandygynyň subutnamasydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri görkezilýän sergidäki diwarlyk sergä gelenleriň köpüsiniň ünsüni özüne çekdi, olar daşary ýurt okyjylaryna, dünýä jemgyýetçiligine durmuş-ykdysady hem-de ylmy-medeni taýdan okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistany açyp görkezýär.

Şeýle hem bu ýerde “Magtymguly” çeper filmi, Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk işleri we türkmen halylary baradaky wideorolikler görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasy Jidda şäherinde guralan çäreler bilen dowam etdirildi, bu ýerde ýurdumyzyň  sungat ussatlary şäher medeniýet merkeziniň sahnasynda uly konsert bilen çykyş etdiler.     

Şu gün döredijilik çäresiniň jemleýji güni ýurdumyzyň ýazyjylarynyň, döredijilik işgärleriniň saudly kärdeşleri bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda guralýan medeni alyşmalaryň ähmiýeti, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy. Şol gatnaşyklary  has-da berkitmekde medeniýet we sungat işgärleriniň möhüm orun eýeleýändigi aýratyn bellenildi. 

Agşamlyk Jidda şäheriniň medeni-taryhy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlary onuň jemleýji pursatyna öwrülip, medeniýetiň serhediniň ýokdugynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Aýdymlarda we dürli öwüşginli tanslarda artistler parahatçylygy we halklaryň dostlugyny wasp etdiler. 

Bu ýere ýygnananlar medeni çäräni üstünlikli geçirmek babatda döredilen oňyn mümkinçilikler, iki halkyň arasynda ruhy gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli goldaw berýändikleri üçin Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň Liderlerine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.  

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir