Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Sungaty we Binagärligi
Türkmenistanyň Sungaty we Binagärligi
Türkmenistanyň Sungaty we Binagärligi

Türkmenistanyň Sungaty we Binagärligi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungaty hem-de binagärligi mudan beýläk-de öwrenmek, gorap saklamak we ösdürmek meselelerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň häzirki zaman medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ylym hem-de döredijilik işleri üçin ähli zerurlyklar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe döwrebap muzeýleriň we teatrlaryň gurulmagy ynsanperwer ulgama berilýän uly ünsüň aýdyň netijeleridir, her welaýat merkezinde täze görnüşli kitaphanalar bina edildi. XXI asyryň tehnologiýalaryndan ugur alan döwlet bilim maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda ylmy-barlag işleri innowasion derejä çykaryldy, kitap neşirýat işi ösdürilýär, Internet ulgamynda milli serişdeler artýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň tamamlanmagy “Türkmenistanyň sungaty we binagärligi” tapgyryndaky makalalaryň ýygyndysynyň nobatdaky dördünji sanynyň çapdan çykmagy bilen alamatlandy. Onda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligiň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň her ýylky ylmy habarlarynyň çap edilmegi dowam edýär.

Hünärmenleriň toparynda eýýäm meşhurlyk gazanan ýygyndy türkmen halkymyzyň şöhratly geçmişine, medeni mirasynyň egsilmez baýlygyna hem-de döwürdeşlerimiziň hünär döredijiligine bolan gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýär. Dünýäniň ylmy toparlarynyň şeýle gyzyklanmasy türkmen halkynyň–beýik ösüşleri, çeper senetçiligiň özboluşly däplerini, edebiýatyň, sazyň, binagärligiň ajaýyp nusgalaryny döredijiniň ylham-zehininiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Neşir Türkmenistanyň gadymy hem-de häzirki zaman sungatyny öwrenýän sungaty öwrenijileriň, binagärligiň taryhçylarynyň we arheologlaryň köp taraply işini beýan edýär. “Amaly-haşam sungaty” diýen bölümde mozaika we halyçylyga bagyşlanan makalalar çap edilýär. Olarda gadymy Margiananyň meşhur ýadygärligi bolan Goňurdepede arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan bürünç eýýamynyň mozaikasyny täzeden dikeltmegiň meselelerine garalýar, häzirki zaman milli mozaika sungatynyň döreýişi barada gürrüň berilýär, türkmen halysynyň nyşanlary hem-de gölleriniň gurluşy seljerilýär. Bu bölümiň makalalarynyň birinde Köneürgenjiň çäklerinde geçirilen arheologiýa işleriniň barşynda toplanan orta asyr keramika önümleriniň dürli görnüşlerine garalýar.

“Şekillendiriş sungaty” bölümi häzirki zaman türkmen žiwopisinde käbir meseleleriň seljerilişini hödürleýär hem-de onda gadymy Margiananyň medeniýetiniň ýaýraýşynyň gerimi barada, gadymy Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly arheologlar tarapyndan tapylan bürgüdiň şekiliniň bölekleri hakynda, ýakynda Köneürgençde ýüze çykarylan gadymy golýazma kitabyndan miniatýuralary bolan täsin sahypa dogrusynda makalalar jemlenýär.

“Binagärlik mirasy” diýen bölümde okyjylara “Gadymy Merw” goraghanasyndaky Uly Gyzgalada geçirilýän ylmy-barlag we rejeleýiş işleri barada, XI-XII asyrlara degişli Günorta Türkmenistanyň ýadygärlikleriniň binagärlik gözellikleri hakynda, Merw jülgesiniň çäklerindäki orta asyr gala-köşkler dogrusynda makalalar hödürlenilýär. Ýygyndy “Medeniýeti öwrenijiler” diýen bölüm bilen tamamlanýar. Onda Parfiýany meşhur öwreniji, taryh ylymlarynyň doktory W.N.Pilipkonyň çeken zähmetiniň sanawy, alyp baran işleri barada oçerk ýerleşdirilipdir.

“Türkmenistanyň sungaty we binagärligi” ýygyndysyny taýýarlanlaryň hatarynda ýurdumyzyň hünärmenleri hem-de olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bar. Olaryň iň täze açyşlary ýokary okuw mekdepleriň degişli ugurlar boýunça diňe bir alymlary we talyplary üçin däl, eýsem, Türkmenistanyň hem-de umuman, Orta Aziýanyň maddy we ruhy medeniýetiniň döreýşiniň hem-de ösüşiniň meseleleri bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin gyzyklanma döredýär. Daşary ýurtly ylmy barlagçylaryň Türkmenistana aýratyn üns berýändigini nazara alyp, halkara okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň iri ynsanperwer ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna iberilýär.

***

Soňky ýyllarda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça binagärlik-şähergurluşyk işi deňsiz-taýsyz giň gerime eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň diňe bir häzirki zaman binagärliginiň has-da ösdürilmegine däl, eýsem, geçmişiň ýadygärliklerini goramak we täzeden dikeltmek meselelerine, bu işe
ylmy pikirleriň hem-de tehniki ösüşleriň iň täze gazananlarynyň peýdalanylmagyna näderejede uly üns berýändigi hemmelere mälimdir.

Alymlar, öz nobatynda, seýsmiki taýdan durnukly gurluşyklar, iň täze gurluşyk serişdelerini we gurnamalaryny ornaşdyrmak, şäherleriň hem-de obalaryň taslamalaryny düzmegiň şähergurluşyk ugurlary, milli binagärligi öwrenmek ulgamlarynda gözleglerini işjeňleşdirdiler. Bu bolsa nobatdaky sany täzelikde çapdan çykan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnalyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

Neşiriň täze sanyny mynasyp derejede döwrüň iň iri täze gurluşygy bolan ýurdumyzyň esasy “howa derwezesi” — Aşgabadyň Halkara howa menzili barada gürrüň berýän makalalar toplumy açýar. Uçmak üçin kuwwatly ganatlaryny ýaýan ägirt uly ak laçyn guş – şeýle gaýtalanmajak binagärlik keşbinde Aşgabadyň Howa menziliniň baş ýolagçy terminaly şu ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berildi. Ol geljek ýyl Aziada-2017-ä gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny kabul eder.

Onuň ulanylmaga berilmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany yklymyň iň iri ulag-logistika merkezine, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan esasy halka öwürmek boýunça ägirt uly pikiriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda ýene-de bir möhüm ädimdir. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdeleri, amatly ýerleşişi hem-de netijeli içeri we daşary syýasaty bilen şertlenen ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

“Her döwür düýpli binagärlik ulgamyna özüniň täze ýörelgesini goşýar” diýlip, Aşgabadyň täze binagärlik görnüşlerine bagyşlanan makalada bellenilýär. “Munuň özi desgalaryň görnüş we çeperçilik aýratynlyklarynyň, binagärlik giňişligindäki yzygiderli gözlegleriň netijesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda özboluşly desgalaryň birnäçesi emele geldi. Olar üçünji müňýyllygyň dünýä binagärlik meýilleriniň umumy akabasyna goşuldy”. Şol binalaryň hatarynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabadyň ajaýyp binalarynyň ençemesi bar. Şolara žurnalyň şu sanynda aýratyn makala bagyşlanypdyr.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň gerimi barha artýar. Dokuz, on iki we ondan köp gatly jaýlaryň gurulmagy häzirki zaman şäher ýaşaýyş toplumlarynyň meşhur görnüşleriniň birine öwrüldi. Şol jaýlar iň täze tehnologiýalar boýunça bina edilýär. Bu barada “Tejribe” bölüminde “Belent gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary derejedäki netijeli konstruktiw shemalary” atly makalada söhbet açylýar.

“Ylym” diýen bölümde hem hünärmenlere niýetlenen “Pes tizlikli serişdeleri peýdalanmak arkaly köpçülikleýin partlamalaryň seýsmiki täsirini dolandyrmak” diýen makala ýerleşdirilipdir. Onda türkmen alymlary tarapyndan gurluşyk serişdeleri üçin çig mal almak boýunça känlerde partlama işlerini geçirmegiň usullary barada gürrüň berilýär.

“Täze gurluşyklar we gorag arheologiýasy” diýen makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goralmagyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda” Karar bilen ýakynda tassyklanan “Türkmenistanyň çäklerinde ýer-gurluşyk, ýer, ýol-gurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň tertibine” düşündiriş berilýär. “Gurluşyk pudagynda zähmeti goramak hukugy” diýen makalada gurluşyk işleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk ugurlaryna garalýar.

Däp bolan “Taryh” diýen bölümde okyjylara suratlar bilen bezelen “Oguznamaçylyk däbi esasynda döredilen eserlerde Oguz türkmenleriniň ak öýleri” diýen makala hödürlenýär. Mälim bolşy ýaly, zehinli ata-babalarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda durmuş ýagdaýlaryna uýgunlaşdyrylan ak öýleriň dürli görnüşlerini döredipdir. Oguzlaryň durmuşy barada gürrüň berýän “Oguznama” eposynda hem-de onuň esasynda ýazylan eserlerde ak öýler barada ýatlanylmagy öý gurmagyň milli däpleriniň örän gadymy döwürlerden – türkmenleriň nesilbaşysy Oguzhanyň eýýamyndan gaýdýandygy barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär.

Makalada getirilen mysallardan görnüşi ýaly, gadymy ata-babalarymyz bolan oguz taýpalary hatara gurlan ak öýlerde ýaşapdyr we toý tutupdyr. Şol öýler “Türkmenleriň ak keçä beslenen şäheri” diýen at alypdyr. Häzir bolsa ak öýler bagy-bossanlyklarda kalby iň ajaýyp duýgulardan hem-de niýetlerden doly bagtyýar we agzybir türkmen halkynyň baýramçylyk dabaralarynyň bezegidir.

Žurnaly gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy innowasiýalara, tehnologiki işläp taýýarlamalara bagyşlanan “Türkmengurluşyk-2016” halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat, şeýle hem Şekillendiriş sungaty muzeýindäki “Häzirki zaman ýapon binagärçiligi” diýen fotosergi baradaky makalalar jemleýär.

Düýpli ylmy çemeleşmäniň beýan etmegiň meşhurlygy bilen sazlaşmagy “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnalyň möhüm aýratynlygydyr. Bu bolsa türkmen, iňlis we rus dillerinde çykýan, Internetde öz sahypasy bolan hem-de App Store ulgamy arkaly satylýan owadan bezelen hünär ugurly neşiriň diňe bir biziň we daşary ýurtlaryň hünärmenlerine däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligine-de gyzykly boljakdygyny aňladýar.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir