Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Owganystana Sapary
Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Owganystana Sapary
Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Owganystana Sapary

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Owganystana Sapary

2017-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Owganystanyň Prezidentine we halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyny we gyzgyn salamyny ýetirdi we türkmen ýolbaşçylygynyň biziň ýurdumyzyň we halkymyzyň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna jogap berýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmak boýunça taýýardygyny tassyklady.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň işe goýberilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Soňra Owganystanyň Daşary işler ministri S. Rabbani bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetini gutlap, S. Rabbani Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygynyň kabul edilmegi esasy ýetilen sepgit bolan RECCA VII maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz gezeginde, Owganystan bilen bähbitli we geljegi uly gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini subut edýän türkmen-owgan syýasy we ykdysady dialogyny üstünlikli özara gatnaşyklaryň nusgasy diýip atlandyryp bolar diýip belledi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri OYR-nyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Başlygy Abdulla Abdulla, Owganystanyň Maliýe ministri, türkmen-owgan Hökümetara toparynyň owgan tarapyndan başlygy Eklilo Hakimi we Owganystanyň Goranmak ministri Tarikşa Bahrami bilen duşuşdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça ýörite gullugynyň başlygy T. Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. R. Meredow Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmaga gönükdirilen Türkmenistanyň taslamasyna BMG tarapyndan berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili T. Ýamamoto Owganystanda parahatçylykly ýagdaý üçin berýän ünsi, şol sanda bu ýurduň halkyna berýän ykdysady we ynsanperwer kömekleri üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan'da 2018 Yılı "Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi" Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistan’da 2018 Yılı “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi” Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguly Berdimuhamedov’un girişimiyle 2018 yılı ülkede, “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir