Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Uçarlara Merkezleşdirlen Ýangyç Guýmak Ulgamy Gowy Girdeji Berdi
Uçarlara Merkezleşdirlen Ýangyç Guýmak Ulgamy Gowy Girdeji Berdi
Uçarlara Merkezleşdirlen Ýangyç Guýmak Ulgamy Gowy Girdeji Berdi

Uçarlara Merkezleşdirlen Ýangyç Guýmak Ulgamy Gowy Girdeji Berdi

Aşgabadyň Halkara aeroportynda uçarlara aýangyç guýmagyň Merkezleşdirilen ulgamy üstünlikli işledilýär. Onuň artykmaçlygy- ýag-çalgy serişdeleriniň ammarynyň rezerwuarlaryndan stasionar sorujy beketleri bilen gönüden-göni uçarlaryň bakyna ýangyjy üznüksiz guýup bilýänligindedir, munuň özi birbada hyzmat edilýän howa gämileriniň sanyny artdyrmaga we ýangyç guýmaklygyň wagtyny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Halkara aeroportynda uçarlara aýangyç guýmagyň Merkezleşdirilen ulgamy munuň özi ýangyjy kabul etmek, saklamak, goýbermek, sorujy enjamlary, süzüjileri, turbageçirijiler ulgamyny we ýangyç guýujy enjamlary öz içine alýan tehniki serişdeleriň tutuş bir toplumydyr. Toplumyň esasy wezipesi – üstaşyr geçýän howa gämileriniň durýan wagtyny azaltmakdan we uçarlaryň bellenilen ýerine wagtynda barmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Aeroprtda işledilýän uçarlara ýangyç guýmagyň Merkezleşdirilen ulgamy aşgabatly awiatorlara ýolagçy uçarlarynyň durýan wagtyny bäş-alty esse azatmaga mümkinçilik berer. Ýangyç guýujy ulaglar tigirleriniň beton zolaklarda çalt zaýalanmagy, ÝÇS-ne harajatlar, goşmaça sürüjileri işletmegiň hasabyna has gymmada düşýär.

Uçarlara aýangyç guýmagyň Merkezleşdirilen ulgamy ýolagçylary we ýükleri daş aralyga daşaýan, mysal üçin Boing – 747, Boing-777 we şolar kysmy bakyna ýüz tonnadan gowrak ýangyç guýýan howa gämilerine ýangyç guýmakda has-da netijelidir.

Ozal ýangyjyň hiline aerodrom gözegçiligniň talaplary ýerine ýetirilip, Boing – 777 uçaryna ýangyç guýmak üçin 5-6 sagat sarp edilen bolsa, indi… oňa bir sagat ýeterlik bolýar.

Awiasiýa hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleriniň diňe bir ýurduň howa giňişligini üstaşyr geçmek üçin däl, eýsem „Türkmenhowaýollary“ Gullugynyň aerodromlaryny ýangyç guýmak üçin ulanmaga-da isleginiň artýanlygyny belleýärler. Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulanylýan ugurlarda we aerodrom zolagynda HHD ulgamynyň desgalarynyň birnäçesiniň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde şu ýyl ýurdumyzyň üstünden geçýän we ýangyç guýmaga gonýan uçarlaryň sany onlarça esse artdy, bu bolsa ýurda ep-esli derejede maliýe girdejisini- ýylyň 10 aýynda ABŞ-nyň 40 million dollarlyk peýda getirdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan'da 2018 Yılı "Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi" Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistan’da 2018 Yılı “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi” Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguly Berdimuhamedov’un girişimiyle 2018 yılı ülkede, “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir