Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň Talyplary Halkara Bäsleşigiň „Robot Tehnikasy Babatda Iň Gowy Iş we Ösüş Üçin“ Diýen Baýragyny Eýelediler
Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň Talyplary Halkara Bäsleşigiň „Robot Tehnikasy Babatda Iň Gowy Iş we Ösüş Üçin“ Diýen Baýragyny Eýelediler
Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň Talyplary Halkara Bäsleşigiň „Robot Tehnikasy Babatda Iň Gowy Iş we Ösüş Üçin“ Diýen Baýragyny Eýelediler

Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň Talyplary Halkara Bäsleşigiň „Robot Tehnikasy Babatda Iň Gowy Iş we Ösüş Üçin“ Diýen Baýragyny Eýelediler

Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen robot tehnikasy boýunça ХI Halkara talyplar bäsleşigine Makedoniýanyň, Panamanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň, Tunisiň, Gresiýanyň, Kipriň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň–jemi 13 ýurduň ýokary okuw mekdepleriniňdir kollejleriniň 400-e golaýyndan talyplaryň hem-de mugallymlaryň 3200 –si gatnaşdy. Emin agzalary 12 ugurdan 2800-den gowrak işe baha berdiler.

Türkiýäniň Bilim ministrliginiň gurnamagynda her ýyl geçirilýän bu bäsleşikde Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň topary ýurdumyza wekilçilik etdi. Onuň hatarynda bu institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary, aragatnaşyk we demir ýol ulagy fakultetleriniň talyplary Ymamberdi Durdyýew bilen Şirmuhammet Wepaýew, şeýle hem elektrik aragatnaşygy kafedrasynyň mugallymy Wepa Güýjow bardy. Ugurlaryň dördüsi boýunça bäsleşige gatnaşan ildeşlerimiz daşary ýurtlylaryň arasynda baýrakly üçlügiň başyny çekdiler.

Talyplaryň mugallymlarynyň nygtaýşy ýaly, türkmen topary bäsleşige diňe bir awtorlyk oýlap tapyşlaryny däl, eýsem TDUweAI-niň ÝAG-nyň robottehnikasy babatda işläp taýýarlanlaryny teklip etdiler. Bäsleşigiň çäklerinde ÝAG-nda taýýarlanan robot-goluň, robot-sumonyň, robot-labirintiň mümkinçilikleri görkezildi. Husussan-da, robot-gol hünärmen iş edilmeli ýerden daşda bolup, wideokamera arkaly işiň gidişine gözegçilik etmeli bolýan çylşyrymly önümçilik şertlerinde dürli sazlama işlerini geçirmäge niýetlenendir. „Elektron golda“ şeýle hem hereketi çäkli adamlar üçin ýasama el döretmek pikiri-de amal edilen.

TDUweAI-niň bäsleşige hödürlän ylmy işleriniň arasynda taslamalaryň hem birnäçesi bar. Olaryň biri TDUweAI-niň ÝAG-ny bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň tabşyrygy bilen taýýarlanan el yzlaryny tanaýan ulgamdyr. Beýleki bir ylmy iş senagat kärhanalaryny uzak aralykdan dolandyrmakdyr.

Halkara eminler topary awtomatlaşdyrylan ýa-da „paýhasly“ yşyklar ulgamyna, şeýle hem energiýanyň alternatiw görnüşlerini ulanmak babatda işlere-de baha berdi. Türkmen netbugynyň taýýarlanmagy-da türkmen toparynyň üstünlik gazanmagyna ýardam etdi, ýakyn wagtda Senagat ministrliginiň „Türkmenmaşyngurluşyk“ Döwlet konserniniň „Aýdyň gijeler“ Hojalyk jemgyýeti ony köpçülikleýin öndürüp başlar.

Emin agzalary türkmen toparynyň innowasion täzeliklerine mynasyp baha berip, olara bäsleşigiň „Iň gowy taslama işi we tobottehnikasyndaky ösüşi“ atly ýörüte baýragyny gowşurdy.
Wiktoriýa NOWIKOWA

Meňzeş Täzelikler

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Bu Oýunlarda elektron sporty ilkinji gezek görkezme ýaryş hökmünde tanyşdyrylar. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir