Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / V Aziada Bagyşlanyp Talyplaryň Arasynda Lingwistika Bäsleşigi Geçirildi
V Aziada Bagyşlanyp Talyplaryň Arasynda Lingwistika Bäsleşigi Geçirildi
V Aziada Bagyşlanyp Talyplaryň Arasynda Lingwistika Bäsleşigi Geçirildi

V Aziada Bagyşlanyp Talyplaryň Arasynda Lingwistika Bäsleşigi Geçirildi

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen talyplar bäsleşigine ýurdymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň aglabasyndan daşary yurt dillerini suwara bilýänler gatnaşdylar.

Şu ýyl bäsleşigiň maksatnamasyna täzelik girizildi. Talyplar ozal iňlis we rus dilleri boýunça güýç synanşan bolsalar, indi olar köp dillilik bilim konsepsiýasyna laýyklykda umumy orta bilim berýän we ýokary okuw mekdepleriniň dersleriniň üstüni ýetiren hytaý we ýapon dilleri boýunça-da bäsleşdiler.

Bäsleşik üç ugurda geçirildi, onuň barşynda talyplar uly möçberli sport ýaryşyna- ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanýan ýurduň köpgyraňly durmuşyna, taryhyna, tükmen halkynyň däp-dessurlaryna we medeniýetine bagyşlanan tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler. Interaktiw görnüşde taýýarlanan habarlar V Aziadanyň maksatnamasyndaky sport görnüşleriniň ählisini we Oýunlaryň nyşanyny öz içine alýardy. V Aziýa oýunlarynyň nyşany bolan gelşiklije we hoşamaý türkmen iti Wepala aýratyn üns berildi.

Döredijilik bäsleşiginde talyplar dünýä we milli edebiýatyň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden bölekleri okadylar, sazly-şygyrly çykyşlaryny görkezip, diňe bir dillere ussatlygy bilen däl, eýsem sahna zehini bilenem emin agzlarynyňdyr tomaşaçylaryň göwnüni awladylar.

Bäsleşigiň netijesi boýunça inžener-tehnologiýa, lukmançylyk we oba hojalyk uniwersitetleriniň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem maliýe, sport we syýahatçylyk, ykdysadyýet we dolandyryş institutlarynyň. Çeperçilik akademiýasynyň toparlarynyň çykyşlary gowylaryň hatarynda agzaldy.

D.Azady adyndaky TMDDI-niň uly ýyl talyplary Maral Jumadurdyýewa, Şirin Çagylowa we Eziz Nurmuhammedow dagy aýratyn bellenildi, olar bäsleşigiň alyp baryjylary we oňa gatnaşyjylar hökmünde tapawutlandylar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir