Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / V Aziýa Oýunlarynyň Atly Ýörişine Gatnaşyjylar Lebap Welaýatynyň Birnäçe Etraplarynda Boldular
V Aziýa Oýunlarynyň Atly Ýörişine Gatnaşyjylar Lebap Welaýatynyň Birnäçe Etraplarynda Boldular
V Aziýa Oýunlarynyň Atly Ýörişine Gatnaşyjylar Lebap Welaýatynyň Birnäçe Etraplarynda Boldular

V Aziýa Oýunlarynyň Atly Ýörişine Gatnaşyjylar Lebap Welaýatynyň Birnäçe Etraplarynda Boldular

2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň mynasybetli 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar Lebap welaýaty boýunça ýollaryny üstünlikli dowam edýärler.

Ýakynda olar Atamyrat-Kerkiçi awtomobil ýolundan geçdiler we Atamyrat etrabyna bardylar. Bu ýerde etrabyň ýerli ýaşaýjylary olary duz-çörek bilen garşy aldylar. Atlylar ýollaryny dowam edip, welaýatyň taryhy ýerlerinde bolup gördüler. Hususan-da, olar Astana-baba we Alamberdar aramgählerine bardylar. Bu ýerde XI-XII asyrlaryň binagärlik ýadygärlikleri bolan bu binalaryň taryhy atly ýigitlere jikme-jik gürrüň berildi.

Şeýle hem Aziada-2017 mynasybetli atly ýörişe gatnaşyjylar Idris-baba medreseseniň ýadygärligine baryp gördüler. Bu medresede türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy bilim aldy. Bu ýerde uly sport oýunlarynyň buşlukçylarynyň gelmegi mynasybetli etrabyň durmuşy barada gürrüň berýän sahnalaşdyrylan oýunlar görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny we Aziýa oýunlarynyň alawyny göterip barýan atlylar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma egriji fabrige we çeper haly kärhanasyna baryp gördüler. Kärhananyň işgärleri önümçilik bölümleri bilen tanyşdyrdylar, bu ýerde işiň gurnalyşy barada gürrüň berdiler.

Soňra taryhy atly ýörişe gatnaşyjylar öz ýollaryny dowam etdiler.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir