Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Walentina Matwiýenkonyň Ýolbaşçylygyndaky Rus Wekiliýeti Mejlisde Kabul Edildi
Walentina Matwiýenkonyň Ýolbaşçylygyndaky Rus Wekiliýeti Mejlisde Kabul Edildi
Walentina Matwiýenkonyň Ýolbaşçylygyndaky Rus Wekiliýeti Mejlisde Kabul Edildi

Walentina Matwiýenkonyň Ýolbaşçylygyndaky Rus Wekiliýeti Mejlisde Kabul Edildi

Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen parlamentarilerini Aziada 2017-niň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de bu ajaýyp sport baýramçylygyna gatnaşmaga tüýs ýürekden şatdygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklaryny, parlamentara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň, şol sanda halkara meýdançalarynda—abraýly sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde has-da ösdürmegiň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de RF-nyň Federasiýa Geňeşiniň ugurdaş komitetleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň täze ugurlary ala alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň kanunçykaryjylarynyň sebitdäki söwda-ykdysady gatnaşyklara ýardam etmegi, medeni-ynsanperwer, bilim we ylym ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesine hem aýratyn üns berildi.

Russiýanyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň möhüm taraplary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, raýat hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, jemgyýetiň durmuşynda demokratik ýörelgeleri berkitmek, eneligi we çagalygy goramak, raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak we beýlekiler babatda dünýä tejribesini öwrenmek Mejlisiň işiniň möhüm ugurlary bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklary has-da berkitmek, şol sanda parlament wekiliýetlerini yzygiderli alyşmak arkaly pugtalandyrmak barada pikirlerini beýan etdiler.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir