Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Wideoşekilli Iş Maslahatynda Orak Möwsüminiň Barşyna we Medeniýet Hepdeligine Taýýarlyk Baradaky Meselelere Garaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň,
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň,

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Orak Möwsüminiň Barşyna we Medeniýet Hepdeligine Taýýarlyk Baradaky Meselelere Garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, galla oragynyň barşy, şeýle hem öňde boljak döredijilik çäresine — şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňledi, olar sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdiler.

Milli Liderimiz bugdaý hasylyny doly we bellinlen möhletlerinde ýygnap almagyň möhümdigini belläp, tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagy, gallanyň ugradylmagy we saklanylmagy, şeýle hem, gowaça ýokary hilli idegiň üpjün edilmegi babatynda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň birnäçe etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigini belläp, ýagdaýy düzetmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, abadanlaşdyrmak boýunça işlere, desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, öňde boljak Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmek işlerine aýratyn üns berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini ösdürmek, şanly seneleri baýram etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmek, nusgalyk arassaçylygy saklamak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir