Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýakyn Wagtda V Aziýa Oýunlary Ýaryşlarynyň Petekleri Ýerlenip Başlanar
Ýakyn Wagtda V Aziýa Oýunlary Ýaryşlarynyň Petekleri Ýerlenip Başlanar
Ýakyn Wagtda V Aziýa Oýunlary Ýaryşlarynyň Petekleri Ýerlenip Başlanar

Ýakyn Wagtda V Aziýa Oýunlary Ýaryşlarynyň Petekleri Ýerlenip Başlanar

Aşgabatda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda diplomatik duşuşyk geçirildi.

Duşuşygy Daşary işler ministrligi bilen Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komiteti guradylar. Oýunlara taýýarlyk görmek meseleleri – gatnaşyjylary we myhmanlary garşylamak, ýerleşdirmek hem-de resmi taýdan bellige almak, şeýle hem petekleri ýerlemek maslahatyň esasy meseleleri boldy. Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew duşuşygy açyp, ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek şeýle derejedäki sport çärelerini geçirmegiň çylşyrymlylygyna garamazdan, Türkmenistan eýýäm häzirden bu ýaryşlara taýýardyr diýip belledi. Munuň şeýledigini bolsa köp zat tassyklaýar.

“Aşgabat-2017” taslamasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin dünýäniň esasy hünärmenleri çagyrylyp, olaryň iri ýaryşlary, şol sanda Olimpiadalary guramakda baý tejribeleri bar. Meýletin kömekçileriň sazlaşykly we tejribeli topary döredilip, onuň hataryna meýletinçileriň 11 müňüsi girýär. Şu ýylyň aprelinde Olimpiýa şäherjiginde halkara ýaryşlaryň üçüsi —kikboksing we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatlary, şeýle hem suwda ýüzmek boýunça sebit ýaryşlary geçirildi. Olar türkmen hünärmenleriniň ýokary guramaçylyk ukybyny we sport desgalarynyň taýýarlyk derejesini açyp görkezdi.

Türgenleri kabul etmek we ýerleşdirmek hakynda meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda munuň üçin howa menzilinde belli bir zolagyň bolup, bu ýerde wekiliýetleri meýletinçileriň garşylajakdygy bellenildi. Olimpiýa şäherjigi barada aýdylanda bolsa, bu ýerde türgenler we tälimçiler ýerleşdirilip, daşary ýurtly hünärmenleriň pikirine görä, şäherjik hili we amatlylygy boýunça dünýäde iň gowy nusgada gurlupdyr.

Aşgabat şäheriniň gözellikleri, türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni maksatnama hem işlenip taýýarlanyldy.

Ýakyn wagtda petekleri ýerlemek işleri başlanar. Ýeri gelende ýatlasak, Aziada-2017-niň başlanmagyna 88 gün galdy.

Meňzeş Täzelikler

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Bu Oýunlarda elektron sporty ilkinji gezek görkezme ýaryş hökmünde tanyşdyrylar. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir