Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotosuratlary 4
Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotosuratlary 4
Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotosuratlary 4

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotosuratlary 4

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotosuratlary 4

On iki günläp dowam eden täsirli, özüne çekiji we çekeleşikli 21 sany sport görnüşlerine sambodan başlap tä bilýard sportyna, guşakly göreşe, gysga aralyga ýüzmek, atly sportyna (konkur), futzala we birnäçe sany sport görnüşlerine müňlerçe türgenler gatnaşdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň soňky medallary çarşenbe güni bowling, küşt we tennis sportlaryna gatnaşan türgenlere gowşuryldy.

Aşgabat 2017-niň bowling sporty erkekleriň we zenanlaryň arasynda dört adamdan ybarat topar görnüşi bilen tamamlandy. Iki sany milletleriň iň ussat dört sany türgenleri iň ýokary utuk gazanmak üçin biri-birleri bilen bäsleşdiler.

Erkekleriň arasynda bowling sporty boýunça geçirilen dört adamdan ybarat topar görnüşinde katarlylar özlerine altyn medala tarap ýol etmek üçin ýarym finalda koreýalylary ýeňdiler, emma finalda Hytaý Taýpeý Katardan üstün çykdy. Finalda Hytaý Taýpeý Katary 846-744 ýeňip, ýaryşda kimiň ökdeligini we ussatdyklaryny görkezdi.

Muňa garamazdan zenanlaryň arasynda bowling sporty boýunça geçirilen dört adamdan ybarat topar görnüşinde Koreýanyň ýygyndy topary Filippinler ýygyndy toparyny 873-801 hasap bilen utyp, altyn medalyň eýeleri boldylar.

Küşt arenasynda bolsa erkekleriň we zenanlaryň arasynda hüjüm we 25 ýaşdan aşak hüjüm görnüşleri bu ajaýyp sportyň görnüşlerini tamamladylar.

Küşt sportynda Hytaýyň ýygyndy topary 25 ýaşa çenli erkekleriň arasynda blitz görnüşinde geçirilen ýaryşda altyn medaly eýeleseler, bu ugurdan hytaýly zenanlar 25 ýaşa çenli zenanlaryň arasynda geçirilen blitz görnüşinde kümüş medala, erkekleriň arasynda adaty blitz görnüşinde-de hytaýly küştçiler kümüş medala mynasyp boldylar. Şeýlelik-de küşt sportynda olar 5 altyn bilen 6 kümüş, jemi 11 sany medal eýeläp, küşt sportynda umumy hasapda birinji boldylar.

Ýekebara tennis ýaryşynyň netijesinde final tapgyryna diňe hindistanly türgenler çykdy. Sumit Nagal we Wijeý Natarajan oýunda ähli tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekmegi başardylar. Bu ýaryşda 20 ýaşly Nagal 6-1, 6-1 hasap bilen garşydaşyndan üstün çykyp, çempion diýen ada mynasyp boldy.

Türkmenistanly türgenler zenanlaryň arasynda toparlaýyn blitz ýaryşynda altyn medalyň eýeleri boldylar. Netijede, Aşgabat 2017 ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 89 altyn, jemi bolsa 245 medal gazandy we umumy toparlaýyn hasap boýunça birinji orny eýeledi.

Medallar gowşurylandan soň Oýunlaryň ähli gatnaşyjylary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Meňzeş Täzelikler

Turkmen Private Lawyer

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir