Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Nyşanlary
Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Nyşanlary
Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Nyşanlary

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Nyşanlary

2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda guraljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän birnäçe şekillerden ybaratdyr.

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandydyr. Ahalteke bedewi bütin dünýäde özüniň ýyndamlygy, üşükliligi, çydamlylygy we haýran galdyryjy gözelligi bilen tanalýar. V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda ýerleşdirilen ahalteke bedewiniň şekili sagdynlygy alamatlandyrýar.

Nyşanda ýerleşdirilen ýarymaýyň şekili Türkmenistanyň Döwlet baýdagyndan nusga hökmünde alyndy. Täze dogan Aý täze başlangyçlaryň, aýdyň maksatlaryň, iň esasy-da, ruhubelentligiň keşbini özünde jemleýär.

V Aziýa oýunlarynyň nyşanyndan orun berlen ýyldyzyň şekili Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyndan nusga hökmünde alyndy. Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň sport nyşany bolan bu ýyldyzyň şekili dostlugyň aňlatmasy bolup çykyş edýär.

Şeýlelikde, bu şekilleriň we olardaky reňkleriň ählisi birleşip, V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny emele getirmek bilen, Aşgabat Aziadasynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygaryny hem alamatlandyrýar. Nyşanyň umumy aýlaw şekili agzybirligiň, jebisligiň we oňyn hyzmatdaşlygyň alamaty hökmünde ýerleşdirildi. Şeýle hem nyşanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ady we geçirilýän ýeri halkara dilleriň biri bolan iňlis dilinde ýazyldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň
Tumary

Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumarynda türkmen halkynyň köpasyrlyk geçmiş taryhy hem-de baý medeni mirasy çeper beýan edildi.

Geçmişde türkmen topragy beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda, amatly ýerde ýerleşmek bilen, bütin sebitde we dünýäde söwdanyň, ylym-bilimiň, medeniýetiň we döredijilik pikirleriniň pajarlap ösmegine uly goşant goşandyr.

Tumaryň esasy mazmunyny düzýän Beýik Ýüpek ýolundan barýan kerwenler, ak öýler, alabaý iti we türkmen bagşysy, milli türkmen göreşi, türkmen topragynda gülläp ösen gadymy medeniýetleriň nyşany bolan ýadygärlikler, ýyndam ahalteke bedewi, sahawatly türkmen topragyndan önýän pagta, bugdaý, gawun… — bularyň ählisi şu günümiziň ajaýyp keşbi bilen sazlaşýar. Tumaryň häzirki döwrümizi aňladýan böleginde gözel paýtagtymyzda we Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Awazada gurlan milli öwüşginli döwrebap binalaryň şekilleri hem orun aldy. Tumaryň ugry uçup barýan guşuň şekilini aňladýar, bu ýurdumyzyň beýik maksatlara tarap joşgunly ymtylyşynyň nyşanydyr. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary baý we myhmansöýer türkmen kalbynyň özboluşly beýanydyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde tassyklanyldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň
Şekili

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaýynyň keşbi saýlanyp alyndy. Alabaý türkmen durmuşynda maşgala ojagynyň, abadançylygyň goragçysy bolup durýar. Ol ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly, sürini, öýi, emlägi sak durup goraýjy, batyr, gaýduwsyz, buýsançly. Şu nukdaýnazardan, V Aziýa oýunlarynyň şekili bolup durýan alabaýa Wepaly diýip at dakyldy.

Wepaly dogruçyl, adalatly we aýgytly hereket etmegiň, garşydaşy ýeňmegiň — ýeňşiň yşaratydyr. Ol göreşlerde pälwan, toýlarda şadyýan, hünärde ezber, her bir işde janypkeş türkmen türgenlerini öz gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýörelgesine eýerdip, V Aziýa oýunlarynda sport ýeňişlerine alyp gider.

Wepalynyň milli geýimleri onuň özboluşlylygynyň üstüni ýetirýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň
Bezeg nusgasy

Bezeg nusgasy Aziada — 2017-niň nyşany, tumary we şekili bilen sazlaşykly utgaşýar. Toý lybasly — başy ak telpekli, ezýaka köýnekli, gyrmyzy donly Wepaly bir elinde Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyny, beýleki elinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny buýsançly göterip, girelgäniň öňünde dostlugy, myhmansöýerligi, açyklygy bilen myhmanlary garşylaýar. “Hoş geldiňiz V Aziýa oýunlaryna!” diýen ýazgylar türkmen we iňlis dillerinde ýerleşdirildi.

Girelgäniň ak reňkde bolmagy ak şäherimiz Aşgabady, ak arzuwlarymyzy, ýeňişlere alyp barýan ak ýoly alamatlandyrýar.

Bu nusga Aziadanyň belent ruhunyň içgin duýulmagyna ýardam etmek bilen, köp sanly türgenlerde, myhmanlarda ýakymly duýgulary döreder.

Şeýlelikde, Aziada — 2017-niň nyşany, tumar we şekil bir bitewi gurluşda orun alan Wepaly, türkmen paýtagtynda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna dünýäniň çar künjegindäki dostlarymyzy Aşgabada çagyrýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndaky sportuň 21 görnüşiniň nusgalarynyň beýany
Küşt

Birnäçe taryhy maglumatlara görä, küşt boýunça halkara ýaryşlar IX-X asyrlarda hem geçirilipdir. Şol döwrüň dünýäniň iň belli küştçüleriniň biri hökmünde türkmen Abu-Bekr Ibn Ýahýa Muhammed As-Suli ykrar edilýär. Küşt boýunça halkara ýaryşlar XIX asyrda yzygiderli esasda guralypdyr.

Ine-de, Wepaly küşt tagtasynyň başynda. Ýylgyryp duran keşbi Wepalynyň sportuň bu gadymy görnüşi boýunça türgenleri ýeňişlere sary ynam bilen alyp barýandygyny aňladýar. Wepalynyň sag elinde ak mallaryň şasy bar.

Göçüm senden, Wepaly!

Futzal

Futzal sportda ýeňiş gazanmaga ymtylýan erjel türgenleriň oýnudyr. Dünýäniň meşhur futbol ýyldyzlary ýaşlykdan futzal oýnamak bilen kämilleşdiler. Egnine ýaşyl futzal eşigini, aýaklaryna sport aýakgabyny geýip, topy garşydaşyň derwezesine ussatlarça gönükdirip duran Wepala ýeňiş ýaran bolar. Sebäbi Wepalyda bu oýun üçin gerek bolan ähli häsiýetler — ýyndamlyk, ezberlik bilen oýlanyşykly hereketleriň sazlaşygy bar.

Tennis

Wepaly — örän çalasyn tennisçi. Ol topy raketka arkaly tordan geçirmek üçin ynamly hereket edýär. Wepalynyň başarnyklary we oýnuň dowamyndaky çalasyn hereketleri ony diňe ýeňşe alyp barýar. Wepalynyň sport eşiginde Aziýa oýunlarynyň nyşanynyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýyldyzynyň ýerleşdirilmegi, şeýle-de akgaýma tahýasy türkmen türgenleriniň milli buýsanjyny alamatlandyrýar.

Taý boksy

Wepaly ― taýboksçy türgen. Ol garşydaşa hüjüm etmäge taýýar bolup dur. Egnindäki gök reňkli sport lybaslary, köýnekçesiniň çep gursagynda ýerleşdirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, çep eline geýen ýaşyl reňkli sport elliginiň ýüzünde ýerleşdirilen Aziýa Olimpiýa geňeşiniň gyrmyzy reňkli ýyldyzjygy onuň bu başa-baş söweş sungatyna ussatlyk derejesini aňladýar.

Sportuň bu görnüşinde özüňe ynamlylyk, söweş tärlerini dürs ýerine ýetirmek Wepala ýeňiş getirer.

Sambo

Wepaly egnine gök reňkli sport eşigini, başyna gorag başgabyny geýip, biline guşagy daňyp, orta çykanda, garşydaşynyň howuny basyp, ýeňşe bolan ynamy pugtalandyrýar.

Onuň güýji, çakganlygy, çeýeligi we emelleri tüýs gerekli wagtynda ulanyp bilmegi oňa ýeňiş getirer.

Sambo dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň biri bolup, öz içinde dürli emelleri we tehnikalary jemleýär. Bu sport görnüşi dzýu-do, jiu-jitsu we göreş ýaly başa-baş söweş sungatlarynyň birikmegi bilen döräp, Ýewropanyň we Aziýanyň dürli başa-baş söweş tilsimlerini hem özünde jemleýär.

Wepalynyň maksady türkmen samboçylarynyň halkara ýaryşlarda gazanan üstünliklerini dowam etdirmekdir. Munuň üçin bolsa ýadawsyz türgenleşýär.

Kuraş

Başa-baş söweş sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolan kuraşyň üç ýarym müň ýyllyk taryhy bar. Ol dürli toý-baýramçylyklarda pälwanlaryň ussatlyklarynyň özboluşly synagy bolup durýar. Bilini berk guşap, kuraş boýunça bäsleşýän Wepaly erjellik we ynamlylyk bilen garşydaşyny ýeňmäge çalyşýar. Ýaşyl reňkli sport eşigindäki V Aziýa oýunlarynyň nyşany oňa has-da güýç-kuwwat berýär. Wepalynyň keşbinde kuraşyň “adalatly ýeňmek” diýen ýörelgesi şöhlelenýär.

Ýeňiş ýaranyň bolsun, Wepaly!

Jiu-Jitsu

Wepaly sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça başa-baş tutluşykda. Ol garşydaşyň urgusyny özüne gönükdirmek bilen, bu sportuň emelleri arkaly goranmagyň sungatyny görkezýär. Onuň egninde jiu-jitsu boýunça türgeniň milli agymtyk reňkli, gyralaryna ýaşyl reňkli zolak çekilen ak sport lybasy bar. Lybasyň çep golunda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, guşagynda bolsa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşanlary şekillendirilipdir.

Wepalyň aýgytly hereketleri we ynamly hüjümleri bilen sportuň bu görnüşinde ýeňiş gazanar.

Öňe, Wepaly!

Bowling

Ýörite niýetlenen şary sag eline alyp, bowling ýaryşyna çykan Wepalynyň gözlerinde ýeňşe bolan ynam we hyjuw uçganaklaýar. Ýörite sport eşigini geýen Wepaly nyşana alnan keglileri başarjaňlyk bilen ýykyp, utuklaryny barha artdyrmaga yhlas edýär.

Wepaly, saňa üstünlik ýaran bolsun!

Welosport

Wepaly welosport ýaryşynyň düzgünlerini ynamly berjaý edip, öz çakganlygyny, güýjüni, çydamlylygyny welotrek ýodasynda görkezýär. Welosport ýaryşynyň älemgoşar reňk öwüşginli lybasynda ýerleşdirilen V Aziýa oýunlarynyň we tumarynyň suraty, tizligi alamatlandyrýan başgaby ruhubelentligiň we maksadaokgunlylygyň nyşanydyr. Onda Wepalynyň ukyp-başarnygy oňa ýeňiş getirer.

Suwda ýüzmek

Suwda ýüzmek — sport bäsleşikleriniň iň bir gyzykly görnüşleriniň biri bolup durýar. Suwuň joşgunly tolkunlarynyň garşylygyny ýeňip, pellehana öň gelmek çydamly we ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinen Wepalynyň başaraýjak zady.

Biz Wepalynyň mysalynda türkmen türgenlerine üstünlik arzuw edýäris.

Basketbol

Basketbol oýny — Wepalynyň söýýän sport görnüşi. Ol ýeňiljek hereket edip, elindäki basketbol topuny tora zyňýar. Onuň çeýeligi we dürs hereketi güýji, çalasynlygy hem-de ykjamlygy talap edýän bu ajaýyp oýunda ýeňşe ýetmäge bolan ynamy pugtalandyrýar.

Öňe, Wepaly!

Ýeňiş ýar bolsun!

Agyr atletika

Agyr atletika — hakyky pälwanlaryň bäsleşigi. Agyr ştangany ýokary galdyrmak boýunça bu sport görnüşiniň gadymy Gresiýada döräni bäri muşdaklarynyň sany artýar.

Wepaly bu bäsleşige bilini berk guşap, ruhubelent geldi, onuň üçin bu agyr ştanga guş ýaly ýeňiljek. Çünki oňa bu bäsleşikde kuwwatly baldyrlary, egnine gelşip duran ajaýyp sport eşigi ruhy goldaw berýär.

Ýeňil atletika

Ýeňil atletika Wepalynyň iň bir söýýän sport görnüşi. Munda Wepala uzak aralyga ylgamak, uzynlygyna we beýikligine bökmek, uzak aralyga agramlyklary zyňmak üçin gujurly aýaklaryň gaýraty, güýçli gollaryň kuwwaty ýeňiş gazanmaga ýardam berýär. Wepalynyň çalaja ýylgyrýan ýüz-gözi onuň bu synaglardan heder etmeýändigini, islendik aralygy tiz hem-de ynamly geçip biljekdigini aýdyň görkezýär.

Gollaryňa gaýrat, aýaklaryňa kuwwat, Wepaly! Ýeňiş biz bilen!

Taekwondo

Wepaly ― taekwondoçy türgen. Ol güýji, tizligi, deňagramlylygy, çeýeligi we çydamlylygy bir ýere jemläp, garşydaşyň üstüne hüjüm edip, aýak urgusyny amala aşyrýar.Wepalynyň egnindäki sport lybasy egnine gelşik berýär we onuň ýeňşe bolan ynamyny artdyrýar. Bir nokada gönügen mähirli gara gözleri Wepalynyň pikirini bir ýere jemländigini, maksadaokgunlylygyny aňladýar.

Öňe, Wepaly!

Ýeňiş ýaranyň bolsun!

Sport tansy

Tans sporty sungatyň we sportuň täsin hereketler arkaly özboluşly sazlaşmagydyr. Başyna akgaýma türkmen tahýasyny, egnine Aziadanyň tumaryndan şekiller ýerleşdirilen lybasy geýip, sport tansyny ýerine ýetirýän Wepala şadyýanlyk, göwnaçyklyk ýaraşýar. Onuň şekilinde sportuň bu görnüşine mahsus bolan aýratynlyklar, ýagny başarjaňlyk, çalasynlyk, şeýle-de gözellik birleşip, özara sazlaşygy emele getirýär.

Kikboksing

Kik-boksing başa-baş söweş sungatyna degişli sport görnüşidir. Ýörite sport geýmini, başgaby, boks elliklerini geýen Wepaly boks sportundaky ýaly ýumruklaşmaga we aýaklary bilen karate sportundaky ýaly depmek usullaryny ulanmaga taýýar bolup dur. Boks elliginde Aziadanyň tumary, sport geýminde Aziadanyň nyşany özboluşly şöhlelenip, ony ýeňşe ruhlandyrýar.

Goý, seniň söweşjeň ruhuň belent bolsun, Wepaly!

Guşakly göreş

Guşakly göreşde Wepala taý tapylmaz. Ol garşydaşynyň bilinden tutup, ruhubelentlik bilen aýgytly göreşe başlaýar. Wepaly ussat pälwana mahsus bolşy ýaly, çeýe we çalasyn hereket etmegiň emellerini oňat bilýär. Häzirki döwürde türkmen türgenleri sportuň başa-baş söweş görnüşinde öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäniň Kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşlarda we dünýä çempionatlarynda olaryň gazanýan üstünlikleri muňa şaýatlyk edýär. Wepaly halkara ýaryşlarda gazanylýan üstünlikleriň üstüni ýetirer.

Ýeňiş ýaranyň bolsun, Wepaly!

Sport göreşi

Sport göreşinde Wepala garşydaşyny deňagramlylykdan çykarmak we ony ýagyrnysyna ýatyrmak üçin ähli güýjüni ulanmak gerek. Wepaly garşydaşynyň bilinden tutup ony ýeňmäge taýynlanýar.

Aýaklaryny ýere berk diräp duran Wepala janköýerleriň goldaýjy sesleri ruhy goldaw berýär.

Bilýard

Bilýard sporty üçin takyk göz ölçegi, geljekki hereketleriňi sowukganlylyk bilen ölçermek, ünsüňi jemlemek möhümdir. Wepaly stoluň üstünde şarlary torjagazlara atmak üçin paýhasly göz çelgisini ulanýar, çyzyklaryň ählisini hasaba alýar.

Wepala V Aziýa oýunlarynda bilýardyň ähli görnüşlerinde-de ýeňiş arzuw edýäris.

Atly sport (konkur)

Wepaly ýörite çapyksuwaryň geýimlerini geýip, atly sport boýunça ýaryşa çykmaga taýýarlanyp dur. Oňa çylşyrymly we dürli päsgelçilikler garaşýar. Wepaly özüniň bedewinde birnäçe çylşyrymly päsgelçiliklerden ussatlyk bilen geçip, ýeňiş gazanmaga ymtylýar. Bedew at — maksadaokgunlylygyň nyşany. Bedew at — şanly ýeňişleriň nyşany.

Atly sporta ezber Wepala üstünlik arzuw edýäris.

Türkmen milli göreşi

Türkmen milli göreşi uzak asyrlaryň dowamynda halkymyzyň toý-baýramlaryny bezäp gelipdir. Bu gün türkmen milli göreşi halkara derejä çykdy. Türkmen milli göreşinde Wepala taý geljek tapylmaz. Sebäbi bu bäsleşigiň emel-tilsimlerini ondan gowy bilýän ýok. Ol garşydaşynyň bilinden tutup, ýykmaga taýynlanýar. Wepaly türkmen pälwanyna mahsus bolşy ýaly, özi üçin bir emeli hem gizläp saklapdyr. Şol emel Wepala hökman ýeňiş getirer.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir