Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýaş Küştçüsiniň Üstünligi
Ýaş Küştçüsiniň Üstünligi
Ýaş Küştçüsiniň Üstünligi

Ýaş Küştçüsiniň Üstünligi

Russiýanyň Soçi şäherinde 7 ýaşdan 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýäniň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşda türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 17 ýaşa çenli toparda şeýle üstünlik gazandy.

Ýaryşa dünýäniň 30 döwletinden ýüzlerçe küştçi gatnaşdy. S.Atabaýew mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplap, özüniň köp sanly ýeňişleriniň üstüne dünýä çempionatynyň altyn medalyny hem goşdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň şägirdiniň halkara derejesindäki ýaryşlarda üstünlikleriň onlarçasyny gazanandygyny belleýäris. Olaryň arasynda 2012-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpidasynda gazanylan altyn medal hem bardyr.

Mundan başga-da ýaş zehinli ýaş küştçüsi Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde şu ýylyň iýul aýynda geçirilen iri dereje ýaryşynda kümüş medaly eýeläpdi. Ýeri gelende bellesek şol ýaryşda Saparmyrat ulularyň arasynda çykyş edip, has tanymal küştçülere—grossmeýtrlere we halkara ussatlaryna garşy örän ezber çykyş etdi hem-de iň oňat küştçüleriň biri boldy.

Şeýle hem bu küştçi Türkmenistanyň ýetginjekleriň arasynda çempionatlarynda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça iň ýokary görkezijä eýedir. S.Atabaýew şeýle ýaryşlarda 20 gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy.

Häzir biziň ildeşimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşlaryň maksatnamasyna küşt hem girýär. Saparmyrat Aziada-2017-de çykyş etjek milli ýygyndy toparymyzyň düzümine düşmäge esasy dalaşgärleriň biri bolup durýar.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir