Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýerewanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Ermeni Toparynyň 8-nji Mejlisi we Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi
Ýerewanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Ermeni Toparynyň 8-nji Mejlisi we Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi
Ýerewanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Ermeni Toparynyň 8-nji Mejlisi we Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

Ýerewanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Ermeni Toparynyň 8-nji Mejlisi we Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

2017-nji ýylyň 14-nji martynda Ýerewanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň nobatdaky 8-nji mejlisi we syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Mejlisi açyp, toparyň ermen tarapynyň başlygy, Ermenistan Respublikasynyň Energetika ifrastrukturalarynyň we tebigy çeşmeleriniň ministri Aşot Manukýan häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň açyklyk, özara ynanyşmak we birek-birege dünişmek ýörelgelerine eýerip, işjeň we öňe ilerleýän häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde türkmen-ermeni söwda gatnaşyklarynyň möçberini yzygiderli we çalt ösdürmäge, dürli ugurdaky özara gatnaşyklaryna çykmaga ymtylýandygy aýratyn bellenip geçildi. Hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy pudaklarynda energetika, transport, agrosenagat toplumy, maliýe-bank ulgamy bellenildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça hökümetara toparynyň Teswirnamasyna gol çekildi, öňde duran döwür üçin döwletara gepleşikleriň öňdebaryjy ugurlary bellenildi.

Hökümetara toparynyň mejlisiniň çäginde daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirilip, Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyň çäginde bolan syýasy-diplomatik özaragatnaşyklarynyň işjeň häsiýeti bellenildi.

14-nji martda Ermenistan Respublikasynyň Sport we ýaşlaryň işi boýunça ministrliginde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Çärä Ermenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, meşhur türgenleri, Ýerewanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş erişdeleriniň we bilermenler jemgyýetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy, şeýle hem Ermenistanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana boljak saparynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşyldy.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir