Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / ÝET-niň 2017-nji Ýylyň 3 Aýynyň Jemleri Jemlenildi
ÝET-niň 2017-nji Ýylyň 3 Aýynyň Jemleri Jemlenildi
ÝET-niň 2017-nji Ýylyň 3 Aýynyň Jemleri Jemlenildi

ÝET-niň 2017-nji Ýylyň 3 Aýynyň Jemleri Jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda nebitgaz toplumynyň 2017-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler, şeýle hem 2017-nji ýylda meýilleşdirilen meýilnamalar dogrusynda hasabat bilen çykyş etdiler. Hususan-da, hasabatlarda gaz we nebit ýataklaryny gözlemäge gönükdirilip geçirilen gözleg-barlag işleri, 2D we 3D seýsmiki barlaglar, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň çäreleri, gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak dogrusynda maglumatlar aýdyldy.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işleri bellenilen tertipde alnyp barylýar.

Degişli işler taslama gatnaşyjy beýleki döwletler tarapyndan hem alnyp barylýar. «TAPI Pipeline Company Limited» taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen işjeň gepleşikleri alyp barýar. Kompaniýa paýnamalaýyn gatnaşmak, taslama maliýeleşdiriş, halkara ösüş banklarynyň we dünýäniň eksport-kredit agentlikleriniň üsti bilen maliýeleşdirmek ýaly meseleler öwrenilýär.

Mundan başga-da, maslahatda ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilişi, ondan howpsuz we tygşytly peýdalanylyşy, şeýle hem onuň sarp edilişini ölçeýän hasaplaýjylaryň oturdylyşy barada habar berildi.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer Maksat Babaýew ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Prezidentiň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir