Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Maroş Şefçowiç: Hazar Gazyny Ýewropa Bazaryna Çekmek Anyk Häsiýete Eýe Bolýar

Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Maroş Şefçowiç: Hazar Gazyny Ýewropa Bazaryna Çekmek Anyk Häsiýete Eýe Bolýar

Paýtagtymyzda öz işine başlan “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Halkara Energetika Hartiýasynyň forumyna gatnaşyjylary Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Çefçowiç wideoşekil arkaly mübärekledi.

ÝK-nyň wise-prezidenti ýakyn ýyllarda Hazar sebitiniň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň giň ugurlar, şol sanda energetika boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdigine pugta ynam bildirdi. Türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryna ugratmak boýunça geçirilýän gepleşikleriň we tagallalaryň gatnaşyklaryň berkidilýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi.

Maroş Çefçowiçiň aýtmagyna görä, gaz pes uglerod ykdysadyýete uzak möhletleýin esasda geçilmeginde möhüm orun eýeleýär. Halkara gaz bazarlarynda, ulag dzüminde, şeýle hem elektroenergiýanyň serhetüsti söwdasynda, elektroenergiýanyň anyk bazarlarynyň döredilmeginde bu meýiller energetika ulgamyny ösdürmek üçin möhüm bolup durýar.

Ýewropa komissiýasygyň wise-prezidenti Türkmenistany Gündogar-Günbatar turbageçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy we TOPH gaz geçirijisi boýunça işleriň dowam etmegi bilen gutlady. Taraplaryň şeýle iri taslamalar boýunça toplan tejribesi Ýewropa Bileleşigineň, hususan-da, Günorta gaz geçelgesine bolan ugurlary köpugurly esasda ösdürmekde, Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Merkezi Aziýa bolan ugurlaryň giňeldilmeginde bähbitli bolar.

Hazar gazynyň Ýewropa bazarlaryna çekilmegi anyk ýagdaýa öwrülýär. Şu ýylyň fewral aýynda Bakuda geçirilen geňeş maslahaty muny tassyk etdi diýip, Maroş Çefçowiç belledi.

Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Aşgabatda bolan saparyndan we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyndan dogry iki ýyl geçendigini belläp, Ýewropa komissiýasy- Azerbaýjan- Türkiýe- Türkmenistan ýaly dörttaraplaýyn ministrler maslahatynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekilmegi energetika pudagynda degişli iş toparyny döretmek üçin möhüm binýat bolup durýar. Şunlukda, bu hyzmatdaşlyk netijeli dowam etdiriler.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir