Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýokary Tehnologiki Önümçiligi
Ýokary Tehnologiki Önümçiligi
Ýokary Tehnologiki Önümçiligi

Ýokary Tehnologiki Önümçiligi

ÝET: ýokary tehnologiki önümçiligi öňe sürmek.

Bu günki gün Türkmenistanda ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehniki we tehnologiki taýdan özgertmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler işjeň durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýangyç-energetika toplumyny aýtmak bolar. Bu pudakda çig maly eksport etmek bilen bir hatarda ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän ýokary tehnologiki önümçiligi ýola goýmaklyga hem aýratyn üns berilýär.

Çig mal tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmak bilen Watanymyzyň senagatynyň öňbaşçysy — Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýerli hem daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän önümleriň onlarça görnüşini öndürýär. Şolaryň hatarynda – ýokary oktanly awtomobil ýangyjy, awiasion we tehniki kerosin, gidroarassalaýjy dizel ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, nebit koksy, polipropilen, dizel hem-de uniwersal ýaglaryň giň toplumy, ýol we gurluşyk bitumy we ş.m.

Polimer öndürýän iri önümçilikleri we olardan dürli görnüşli harytlary taýýarlaýan kärhanalary gurmak ýerli nebithimiýany ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda TNGIZT-da iýmit we beýleki önümleri örtmek üçin giňden peýdalanylýan polipropilen örtgülerini öndürýän zawodyň gurluşygy dowam edýär. Onuň kuwwatlylygy ýylda 20 müň tonnadan gowarak önüme barabar bolar.

Şeýle hem TNGIZT-da haýalladylan kokslaýyş desgasyny we gudrony deasfaltlaýjy blogy öz içinde alýan häzirki zaman toplumy gurulýar. Nebit koksy bazarlarda giňden peýdalanylýar. Ol gara we reňkli elektrometallurgiýada, elektrodlary öndürmekde ýangyç we reagent hökmünde peýdalanylýar. Deasfaltlaýjy tehniki motor ýaglaryny we ýokary oktanly awtomobil benzinlerini almakda gymmatly çig mal bolup durýar.

Haýalladylan kokslaýyş desgasy we gudrony deasfaltlaýjy blogy şeýle hem dizel we peç ýangyçlaryny öndürmek üçin hem köp sanly düzüm böleklerini öndürmäge ýardam eder. Önümçilikde galýan asfalt we şepbik bolsa ýokary hilli ýol bitumlaryny öndürmekde peýdalanylar. Bu bolsa Türkmenistandaky giň möçberli ýol gurluşyk işlerinde diýseň ähmiýetlidir.

2015-nji ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürýän desga işe girizildi. Bu desga nebit çig malynyň wisbrekingi esasynda işleýän Türkmenistanda ilkinji desgadyr. Ol bolsa nebiti geçirmekde we ondan nebit önümleriniň esasylaryny öndürmek üçin zerur bolan düzüm böleklerini almakda galýan agyr nebit galyndylaryny gaýtadan işlemäge ýardam edýär.

Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly ätiýaçlyklarynyň bolmagy ýurduň gazhimiýa pudagynyň hem ösmegini şertlendirýär. Netijede, Ahal welaýatynda tebigy gazdan Ýewro – 5 kysymly benzin öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Hazaryň kenarynda Gyýanly şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 386 müň tonna polietilena we 81 müň tonna polipropilene deň bolan gazhimiýa toplumy gurulýar. Granulirlenen polipropilen we polietilan dünýä bazarlarynda ýokary bahadan peýdalanýar.

Tebigy gazy has çuňlaşdyryp hem-de toplumlaýyn gaýtadan işlemeklige, onuň netijesinde alynýan önümleriň eksportyny artdyrmaklyga ähmiýet bermek bilen Türkmenistan diňe bir tebigy gaz hem çig nebit ýaly başlangyç energiýa serişdeleriniň bazarynda däl, eýsem, has girdejili bolan gazhimiýa bazarynda hem öz mynasyp ornuny eýelär.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir