Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýokary Tehnologiýalar Agrosenagat Toplumynyň Maldarçylyk Ulgamynyň Netijelilignini Üpjün Edýär
Ýokary Tehnologiýalar Agrosenagat Toplumynyň Maldarçylyk Ulgamynyň Netijelilignini Üpjün Edýär
Ýokary Tehnologiýalar Agrosenagat Toplumynyň Maldarçylyk Ulgamynyň Netijelilignini Üpjün Edýär

Ýokary Tehnologiýalar Agrosenagat Toplumynyň Maldarçylyk Ulgamynyň Netijelilignini Üpjün Edýär

Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynda ýerleýän iri maldarçylyk toplumy gara mallaryň 500-sini saklamaga we her ýyl 2000 tonna süýt we 120 tonna et gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Netijeli ykdysady strategiýa we Şweýsariýa, Germaniýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň ady belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary önümçilik tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmage ýardam edýär.

Toplumyň öz iýmlik binýady bolup, 350 gektar ýerde iň täze oba hojalyk enjamlary ulanylyp mekgejöwendir ýorunja ýetişdirilýär. Mekgejöwen ekmekde Türkiýäniň „Günger“ firmasynyň tohum sepijileri ulanylýar, olar bir inedördül meýdana näçe tohum taşlamalydygyny awtomatik usulda kesgitleýärler. Valley amerikan firmasynyň oba hojalyk ekinlerini suwarmaga niýetlenen suw sepiji enjamlary ekinlerden ýokary hasyl almagy üpjün edýärler.

Olaryň ulanylmagy zähmeti azaldýar we suwdan rejeli peýdalanmaga ýardam edýär.

Şweýsariýanyň «DeLaval» kompaniýasynyň robotlaşdyrylan ulgamy ulanylan sagymçylyk sehi innowasion tehnologiýalryň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagynyň aýdyň mysalydyr. 250 sygra niýetlenen sehiň dört bölüminiň hersinde sygyrlary robotlar sagýar, bu bolsa diňe bir süýt alnyşyny çaltlandyrman, eýsem onuň hiliniň hem gowy saklanmagyna ýardam edýär.

Mal ýataklaryny dersden arassalamak işi-de awtomatlaşdyrylypdyr, ol organiki dökün hökmünde gaýtadan işlenilýär.

Toplumyň önümçilik bölümleri bolan eti gaýtadan işleýän bölüminde-de ýokary öndürijilikli enjam oturdylyp, bu ýerde şöhlatlaryň dürli görnüşi, süýt sehinde bolsa alyjylaryň arasynda islegli pasterizileşdirilen süýt, gatyk, aýran, ýogurt, gaýmak, mesge, dorag, peýnir we beýleki önümler çykarylýar.

Önümçiligiň innowasion usulda guralmagy, işe toplumlaýyn çemeleşmek we çeýe marketing syýasaty toplumyň et we süýt önümleriniň hiliniň ýokary bolmagyny we onuň alyjylar bazarynda hemişe islegli önümler bolmagyny üpjün edýär.

Batyr ÖRAÝEW

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir