Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Yslam Karimow Soňky Ýoluna Ugradyldy
Beýni ganamasy sebäpli aradan çykan Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimow şu gün dogduk diýary Semerkantda geçiriljek jynazadan soň ene-atasynyň ýanynda jaýlandy

Yslam Karimow Soňky Ýoluna Ugradyldy

Beýni ganamasy sebäpli aradan çykan Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimow şu gün dogduk diýary Semerkantda geçirilen jynazadan soň ene-atasynyň ýanynda jaýlandy.
Kerimowyň tabydy şu gün paýtagt Daşkentden dogduk diýary Semerkanda getirildi.

Karimow şenbe güni beýni ganamasy sebäpli bejergi astyna alnypdy. Özbegistanyň Parlamenti bilen hökümeti düýn Prezident Karimowyň aradan çykandygyny mälim etdi.

1938-nji ýylda doglan İslam Karimow 1989-njy ýyldan bäri Özbegistany gönükdirýärdi.

Karimowyň aradan çykmagy sebäpli Özbegistanda 3 günlük milli ýas yglan edildi.

Yslam Karimow 1991-nji ýylda Özbegistanyň garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň geçirlen ilkinji saýlawda sesleriň 86 göterimini alyp Özbegistanyň ilkinji Döwlet ýolbaşçysy hökmünde saýlanypdy.

çeşme: trtturkmen 

Meňzeş Täzelikler

LGI we Coca-Cola Turkmenistan V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Hemaýatkäri

LGI we Coca-Cola Turkmenistan V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Hemaýatkäri

Ýerine ýetiriji komiteti “LG International Corp. (LGI)” we “Coca-Cola Turkmenistan” kompaniýalarynyň Ýapyk binalarda we söweş …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir