Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / ÝUNESKO “Küştdepdi” Milli Sungatynyň Maddy Däl Medeni Mirasynyň Reprezentatiw Sanawyna Girizilmek Baradaky Çözgüdi Kabul Etdi
ÝUNESKO “Küştdepdi” Milli Sungatynyň Maddy Däl Medeni Mirasynyň Reprezentatiw Sanawyna Girizilmek Baradaky Çözgüdi Kabul Etdi
ÝUNESKO “Küştdepdi” Milli Sungatynyň Maddy Däl Medeni Mirasynyň Reprezentatiw Sanawyna Girizilmek Baradaky Çözgüdi Kabul Etdi

ÝUNESKO “Küştdepdi” Milli Sungatynyň Maddy Däl Medeni Mirasynyň Reprezentatiw Sanawyna Girizilmek Baradaky Çözgüdi Kabul Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.

Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr. Küştdepdi halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär hem-de geçen döwürleriň ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik energiýasynyň sazlaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we türkmenistanlylaryň ählisini bu şanly waka bilen gutlap, milli medeni mirasymyzy mundan beýläk-de giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

***

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO)

ÇÖZGÜT:

Koreýa Respublikasy,

Çeju şäheri, 2017-nji ýylyňi 4 — 9-njy dekabry,

12-nji mejlis.

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti:

1. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek hakyndä Türkmenistanyň (Ns 01259) «Küştdepdi aýdým we tans dessury» boýunça oňe süren başlangyjy maglumat hökmünde kabul edilýär.

Hoşniýetli duýgulara we arzuwlara daýanýan döredijilik şygryýeti ýerine ýetirijilik sungatynda möhüm orun eýeleýär. Ol özboluşly wokal aýdymyny we elleriň hereketlerini, ökjeleriň aýdymyň owazy bilen sazlaşygyny emele getirýär. Bu dessur milli baýramçylyklaryň, dabaralaryň möhüm bölegi bolmak bilen, halkyň ýagşy arzuwlaryny ýaýmagyň oňyn guraly hökmünde hyzmat edýär. Onda esasy aýdymçylar we tansçylar bu özboluşly dabaranyň esasyny düzýärier. Olar sungat äleminde tejribe toplan we aýdym aýtmagyň, joşgunly tans etmegiň ýokary derejesine ukyply sungat ussatlarydyr. «Küştdepdi» dessury ruhy we medeni gymmatlyklar esasynda nesillerin arasyndaky arabaglanyşygy emele getirýär. Yerine ýetirijiler ähli usullaryň döwrebap derejede saklanmagyna işjeň gatnaşýarlar. Şunlukda, durmuş bitewüligini we özara düşünişmegi şertlendirýän dabaralarda, jemgyýetçilik çärelerinde çykyş edýärier. Bu dessuryň durmuşa ukyplyiygyny aýratyn berkidýärler. Şeýle hem olar bu tejribe boýunça girizilýän okuw serişdelerini düzmäge we medeni miras boýunça maglumat toplamak üçin guralýan meýdan çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar.

Oňyn tejribe bilen bagianyşykly biiim we ukyp-başarnyklar ussat ýerine ýetirijiler tarapyndan höwesjeň artistlere geçirilýär. 01 dilüsti bilen öwretmegiň we tejribede görkezmegiň esasynda amala aşyrylýar. Ýöne ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdepleri, medeniýet merkezleri höwesjeňiere anyk okuwlaryň üsti bilen ukyplaryny ösdürmäge ýardam berýär.

2. Hödürlenen maglumatlara esaslanyp, bu teklip Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin aşakdaky ugurlar boýunça kanagatlandyrylýar we karar kabul edilýär:

— küştdepdi aýdym we tans sungaty maşgala dabaralarynyň (çaganyň doglaň güni we toý çäreleriniň) we milli baýramçylyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Dessur bagtyýarlyga, doglan gün çärelerine we abadançylyga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol parahatçylygy, raýdaşlygy, durmuş bitewüligini, jemgyýetiň agzalarynyň arasyndaky agzybirligi şertlendirýär. Ýaşyna, jynsyna we durmuş derejesine garamazdan, oňa islendik adam gatnaşyp bilýär. Olaryň hatarynda okuwçylar, oba hojalykçylar, balykçylar, işçiler, ylmy barlagçy- lar, alymlar we senetkärier bolup bilerler. Özüňi aiyp barmagyň ýörelgeleri bu ugruň möhüm bölegi bolup durýar;

— onuň sanawa goşulmagy nesilleriň arasyndaky gatnaşyklar, ýurtda we daşary döwletlerde durmuş bitewüligini üpjün etmek üçin gural hökmünde ýerine ýe- tirijilik sungatynyň mazmunyna has çuňňur düşünmäge giň ýoi açýar. Şeýle hem onuň sanawa girizilmegi ylmy barlaglaryň, ylmy gyzyklanmalaryň şu ugruň we beýleki ugurdaş usullaryň ösdürilmegini şertlendirer. Medeni alyşmalar we hyzmatdaşlyk üçin binýat hökmünde bolan bu dessur dürli ýaşdaky we derejedäki adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýar hem-de sabyr-kanagaty, adamlaryň arasynda birek-birege bolan hormaty berkidýär. Munuň özi medeni- ýetleriň we nesilleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam berýär;

— degişli bileleşikleriň we geçen döwürde bolşy ýaly, häzirki düzümleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek bu ýörelgäniň durmuşa ukyplylygy bolup durýar. Neşir işi, beýan etmek, resminama, aň-düşünje, maglumatyň ýokary derejesi we milli derejedäki mümkinçilikieri berkitmek boýunça alnyp baryiýan işler we toý dabaralary, jemgyýetçilik çäreleri we miili baýramçylyklar maha- lynda ýaýbaňlandyrylýän çykyşlar şeýle çärelere degişlidir. Şeýle hem bu ugur boýunça okuwlar 2009-njy ýyidan başlap, orta mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamasyna goşuldy hem-de bu dessuryň häzirki derejesi hakyndaky maglumatlary toplamak üçin gözleg işleri ýygy-ýygydan guralýar. Ony gorap saklamak boýunça meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly ähli çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Ýerli öz-özüňi dolandyryş guramasy maddy däl medeni mirasy goramaga goldaw bermek üçin hukuk binýadyny döretdi;

— teklip bermek baradaky başlangyç 2014-nji ýylda geçirilen halkara medeni festiwala gatnaşan bileleşigiň agzalary tarapyndan hödürlendi.

Teklibi taýýarlamak meseielerine degişli bileleşikleriň işjeň gatnaşygy goşuldy. Şeýle hem olar bu teklibiň hödürlenýän pursatlarynda resminamalary ýygnamaga işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjy – döwlet ýerine ýetirijileriň we bi- leleşigiň agzalarynyň, aýdymçylaryň, hereket edýän folklor toparlarynyň hasaba alyş çäresine işjeň gatnaşmaklaryna ýardam berdi. j Fotosurat, audio we wideo ýaz- gylary, gerek bolan maglumatlary ýygnamak, onuň medeni ähmiýetini geçirmek we kesgitlemek, şeýie hem onuň biien baglanyşykly durmuş ýörelgelerini ýola goýmak çärelerine işjeň gatnaşýarlar;

— bu serişde Türkmenistanyň Maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna 2013-nji ýylda goşuldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Maddy däl medeni miras müdirligi onuň edara edilişine we milli sanawa girizilişine jogapkär bolup durýar. Aýdymy ýerine ýetirijileriň, tejribeçileriň, jemgyýetiň we folkior toparlarynyň agzalarynyň Medeniýet we Bilim ministriiklerinden, ylmy pudakdan düzüien folklor toparlaryna gatnaşyjylar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmeginde onuň sanawy işlenip taýýarlanyldy. Milli sanaw her ýylda täzelenýär.

3. Küştdepdi aýdym we tans sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky karar kabul edilýär. !

4. Bu usulyň goralmagyna gönükdirilen çäreleriň bir ýerde durmaly däldigi we onuň maddy däl medeni mirasyň durmuş we öwrülişik häsiýetiniň esasyny düzýändigi bellenilýär hem-de oňa gatnaşyj -döwlete jemgyýetiň hemişe täzeden döreýändigi ýatladylýar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan'da 2018 Yılı "Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi" Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistan’da 2018 Yılı “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi” Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguly Berdimuhamedov’un girişimiyle 2018 yılı ülkede, “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir