Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýurdumyzda Pagta Ýygymy Badalga Aldy
Ýurdumyzda Pagta Ýygymy Badalga Aldy
Ýurdumyzda Pagta Ýygymy Badalga Aldy

Ýurdumyzda Pagta Ýygymy Badalga Aldy

30-njy awgustda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy badalga aldy. Pagtaçylyk Türkmenistanda önümçilik möçberiniň artdyrylmagyna ilkinji derejede ähmiýet berilýän strategik oba hojalyk ekinleriniň biridir. Pagtanyň özi-de, ondan öndürilýän dokma önümleri hem dünýa bazarlarynda ýokary isleglerden peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň eksportynyň möhüm bölegini düzýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen agrar ulgamda amala aşyrylýan çuň düzümleýin özgertmeleriň çäklerinde pagtaçylygyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen düýpli çäreler durmuşa geçirilýär, şol sanda ulgam düzümleýin doly döwrebaplaşdyrylýar we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylýar, hojalygy ýöretmegiň täze usullaryna geçilýär. Ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga, öňde baryjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde ylmy seleksiýany ösdürmek, tiz ýetişýänligi, hasyllylygy we süýüminiň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan täze gowaça sortlaryny etraplaşdyrmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

Kärendeçiler we daýhan birleşikleri tehnika, tohum, minerel dökünler, suw hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär. Mundan başga-da, orta we inçe süýümli pagtanyň, şeýle hem gowaçanyň ýokary hasylly sortlarynyň tohumlarynyň satyn alnyş bahalary yzigiderli ýokarlandyrylýar. Döwlete tabşyrylýan “ak altyna” hak tölenişi “Daýhanbankyň” bölümleri arkaly öz wagtynda amala aşyrylýar. Mundan başga-da, pagtaçylara süýümi, linti, übtügi, döwlete borçnamadan artyk tabşyrylalan, senagat taýdan işlenilen çig pagtany ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda ýerleşdirmäge mümkinçilik berilýär. Tutuşlygyna alanyňda, bularyň hemmesi oba hojalyk önümlerini öndürijileriň öz zähmetleriniň netijesine gyzyklanmalaryny artdyrýar.

Şu ýyl Türkmenistanda 1 million 50 müň tonna “ak altyny”, şol sanda Ahal welaýanda- 207 müň tonna, Daşoguz welaýatnda- 230 müň tonna, Lebap welaýatynda-300 müň tonna, Mary welaýatyna- 313 müň tonna pagta taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Gowaça üçin bölünip berlen umumy meýdan 545 müň gektara barabardyr. Ýazda olara gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerine degişli “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “C-4727”, “Ýolöten-39”, “Ýolöten-14” we beýleki sortlary ekildi.

Aýry-aýry tehnologik işleriň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi we awtomatlaşdyrylmagy häzirki ýygym möwsüminiň aýratynlygydyr. Meselem, möwsümde pagta ýygýan kombaýnlaryň 948-i işlär, munuň özi geçen ýyldaka garanyňda 2,2 esse köpdir. Şeýle hem ekin meýdanlarynda awtoulag serişdeleriniň 2535-si, traktorlaryň 2506-sy hem-de pagtany daşamak üçin traktor tirkegleriniň 3564-si çykarylar.

Ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin işledilýän tehnikalara tehniki we serwis hyzmatlaryny etmek işi gije-gündizleýin ýola goýuldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygyjy ussatlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri we doly derejeli dynç alyp bilmekleri üçin ähli zerur şetler döredildi. Gowaçany maşyn bilen ýygnamagyň öň ýanynda ony işläp taýýarlamak üçin defoliant zerur möçberde satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işe diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem raýat awiasiýasynyň ýöriteleşdirilen uçarlary hem çekildi.

Pagtanyň täze hasylyny kabul edip almak işine ýurdumyzda taýýarlaýyş bölümleriniň 152-si we pagta arassalaýjy zawodlaryň 38-si taýýar edildi. “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri kabul ediş bölümleriniň we zawodlaryň ýanyndaky barlaghanalarda tabşyrylýan önümiň ýokary hilli barlanylmagyny üpjün ederler.

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň kabul ediş bölümlerine we pagta arassalaýjy zawodlaryna golaýdaky ekin meýdanlaryndan üstleri “ak altyn” bilen doly ýüklenen, Döwlet baýdaklary, halylar we şygarlar bilen bezelen ilkinji awtoulaglar we tirkegli traktorlar geldiler.

Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralara welaýat we etrap häkimleriniň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri, esasy agronomlary, tejribeli kombaýnçytlar, sürüjiler we kärendeçi pagta ýygyjylar gatnaşdylar.

Häzirki dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýji we dokma senagatynyň önümleriniň sergileri guraldy. Artistler, sazandalar we aýdymçylar, sebitleriň tans we folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Sportyň milli görnüşleri boýunça bäsleşikler hem guraldy. Pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdiren iň oňat kärendeçi pagtaçylara- önümçligiň öňdebaryjylaryna gymmat bahaly sylaglar gowşuryldy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir