Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýurdumyzyň Çempionaty Tamamlandy, Öňde – Dünýä Çempionaty
Ýurdumyzyň Çempionaty Tamamlandy, Öňde - Dünýä Çempionaty
Ýurdumyzyň Çempionaty Tamamlandy, Öňde - Dünýä Çempionaty

Ýurdumyzyň Çempionaty Tamamlandy, Öňde – Dünýä Çempionaty

Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde taekwondo (ITF görnüşi) boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa 150-den gowrak türgen gatnaşdy. Umumy toparlaýyn hasapda ýer eýeleri altyn medallaryň 17-sini gazanyp, öňdeligi eýelediler.

Bu söweş sungatynyň iki görnüşi – tutluşyklar we tuli (toplumlaýyn maşklar) boýunça türgenler baýraklar ugrunda bäsleşdiler. Ýetginjekler toparynda Mary welaýatynyň ýygyndysynyň düzüminde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna D.Myradow, B.Akyýew, O.Mämmedow, M.Batyrow, Ş.Bekmyradowa, G.Amanmyradowa, Ş.Sylabowa, M.Muhammedowa, doganlar Hasanowlar we Durdyýewler çykdylar. Welaýatyň ýetginjek taekwondoçylary ýene bir altyn medaly toparlaýyn tuli boýunça gazandylar.

Gara guşagyň eýesi bolan türgenleriň arasynda Mary welaýatynyň toparynyň wekilleri D.Şadurdyýew, A.Rejebow, A.Goşanyýazow, A.Agaýew altyn medallarynyň 4-sini eýelediler.

Aşgabatly türgenler (M.Batyrow, M.Gurbanow, O.Çaryýew, G.Durdyýew we M.Agaýew) hem-de Balkan welaýatynyň taekwondoçylary (M.Myradow, N.Orazow, D.Nurmämmedow, A.Gylyjow we M.Nurmämmedow) bäş altyn medaly eýeläp, umumy toparlaýyn hasapda öz aralarynda ikinji orny paýlaşdylar. Daşoguzly türgenler H.Gurbanow we U.Resulow hem ýaryşda birinji orny eýelediler.

Indi taekwondo ITF milli federasiýasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümini kesgitlärler. Milli ýygyndy toparymyz şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň paýtagty Phenýan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan iri halkara ýaryşyna – dünýä çempionatyna taýýarlyk görer. Dünýä birinjiligi ugrunda erkekleriň we zenanlaryň arasynda 39 ýaşa çenli toparda, hem-de 40 ýaşdan uly türgenleriň arasynda ýaryş geçiriler.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir