Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýylanly Basyş Kompressor Stansiýasynda Suwuklandyrylan Gaz Almak Boýunça Iki Sany Tehnologiki Desgany Gurmak Meýilleşdirilýär
Ýylanly Basyş Kompressor Stansiýasynda Suwuklandyrylan Gaz Almak Boýunça Iki Sany Tehnologiki Desgany Gurmak Meýilleşdirilýär
Ýylanly Basyş Kompressor Stansiýasynda Suwuklandyrylan Gaz Almak Boýunça Iki Sany Tehnologiki Desgany Gurmak Meýilleşdirilýär

Ýylanly Basyş Kompressor Stansiýasynda Suwuklandyrylan Gaz Almak Boýunça Iki Sany Tehnologiki Desgany Gurmak Meýilleşdirilýär

«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatyndaky «Ýylanly» basyş kompressor stansiýasynda suwuklandyrylan gaz almak boýunça iki sany tehnologik desgany gurmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda «Türkmengaz» DK-sy suwuklandyrylan gaz almak boýunça iki sany tehnologik desgany taslamak we gurmak boýunça halkara bäsleşigini geçirýär.

«Türkmengaz» DK-da belleýişleri ýaly, täze desgalaryň kömegi bilen her ýylda tebigy gazyň 2 milliard kub metrden gowragyny gaýtadan işlemek we 70 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan uglewodorod gazyny, şeýle hem 24 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem bu ýerde suwuklandyrylan uglewodorod gazyny we gaz kondensatyny saklamak üçin niýetlenilen rezerwuar parkyny gurmak meýilleşdirilýär.

Işiň tehniki we ekologiki howpsuzlygyny üpjün etmek üçin desgalary iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Önümçilik prosesini dolandyrmak döwrebap kompýuter ulgamy arkaly amala aşyrylar.

Şeýle hem bu ýerde işlejek işgärleriň ýaşamagy, iýmitlenmegi we olaryň tehniki howpsuzlygy üçin ähli şertler dörediler.

Suwuklandyrylan uglewodorod gazyny öndürmek boýunça desganyň işe girizilmegi Daşoguz welaýatynyň, şol bir wagty özünde hem tutuş Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine oňaýly täsir eder.

Häzirki wagtda Türkmenistanda suwuklandyrylan gaz Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, şeýle hem Naýyp we Bagaja ýataklaryndaky tehnologiki desgalarda öndürilýär.

Öndürilýän suwuklandyrylan gazyň aglaba bölegi her ýylda Ermenistan, Gruziýa, Eýran, Owganystan, Täjigistan we Pakistan ýaly ýurtlara eksport edilýär. Harytlyk gazyň bir bölegi içerki bazarlara iberilýär. «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşigi we Türkmenbaşynyň TES-i onuň esasy sarp edijileridir. Ýene-de bir bölegi bolsa TNGIZT-da polipropilen we ýokary oktanly benziniň komponentlerini öndürmekde ulanylýar.

«Ýylanly» BKS-i 2007-nji ýylda işe girizildi. Ol «Türkmengaz» DK-synyň «Frunze adyndaky Sum NPO» bilen baglanyşan şertnamasy esasynda guruldy.

«Ýylanly» stansiýasy «Merkezi Aziýa — Merkez» gazulag ulgamynda ýerleşýär. Öň tebigy gaz bu ulgam arkaly Özbegistanyň we gazagystanyň üsti bilen Russiýa eksport edilýärdi.

2010-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda uzynlygy 198 kilometr we kuwwatlylygy ýylda 3 milliard kub metr bolan «Merkezi Garagum — Ýylanly» gaz geçirijisi guruldy. Ol Merkezi Garagumdaky gaz känlerinden gazy «Merkezi Aziýa — Merkez» gaz geçirijisine ugratmak üçin niýetlenildi.

2016-njy ýyldan başlap «Gazpromyň» türkmen gazyny almagyny bes edenligini nazara alyp, «Ýylanly» BKS-inde gazy gaýtadan işlemekligi, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan suwuklandyrylan uglewodorod gazyny öndürmekligi ýola goýmak ykdysady taýdan maksadalaýyk boldy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir